Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

JYNSY ISLEGIŇ BOLMAZLYGYNYŇ SEBÄBI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.90 (10 Ses)

Hormatly Serik!

Ýumurtgajyklara alnan islendik şikeslenme lukmana ýüz tutmaga görkezme bolup durýandyr. Siziň alan şikeslenmäňiziň görnüşini we getirip biljek gaýraüzülmelerini dine lukmanyň barlagyndan we ýumurtga haltajygynyň USB-dan soň kesgitläp bolar. Ýumurtgajyklaryň şikeslenmegi bedende erkeklik gormony bolan testosteronyň derejesini peseldip, jynsy islegiň peselmeginiň sebäbi bolup biler. Ruhdan düşmän we wagt ýitirmän lukmana ýüz tutuň. Barlag we bejergi üçin siz S. Niýazow adyndaky bejeriş we maslahat beriş merkeziniň urologiýa bölümine ýa-da bejeriş merkezleriň androlog lukmanlaryna ýüzlenip bilersiňiz. Size bu kynçylykdan çalt çykmagy we sagalmagy arzuw edýärin!

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3887 gezek okalan

Teswirler (0)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location