Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝERLIKSIZ SORAG

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.08 (37 Ses)

Hormatly okyjy!

Lukmanyň esasy borjy näsagyň ýagdaýyny anyklap, oňa lukmançylyk kömegini bermek bolup, kömegiň berlişine näsagyň milleti, jynsy, dini garaýyşlary, jemgyýetçilik we maşgala ýagdaýy (nikadamy, durmuşa çykmadykmy, aýrylşanmy) hiç hili täsirini ýetirmeli däldir. Şonuň ýaly-da, lukmanyň ol ýa-da bu soraglara şahsy garaýşy we pikirleri näsag bilen gatnaşyklara geçirilmeli däldir.

Aýal maşgalanyň jynsy gatnaşyklary nikada ýa-da nikadan öň geçirmegi diňe onuň şahsy işi we çözgüdi bolup durýar. Saglyk ýagdaýynyň käbir taraplaryny anyklamak üçin lukmanyň: "Jynsy gatnaşykda bolýaňyzmy?" diýip soramasy dogry we zerur bolup biler. Ýöne "Sen durmuşa çykdyňmy?" diýen sorag saglyk ýagdaýyny kesgitlemekde maglumat bermeýän, ýerliksiz sorag bolýar.

"Nikada duranmy ýa-da durmadykmy?" diýen soragy lukmanlar diňe iki ýagdaýda berip bilerler: kazyýet-lukmançylyk ekspertleri zorlanma esasynda jenaýat işi gozgalan halatynda we aýal lukmany aýaly göwrelilik babatda hasaba alanda. Soňky ýagdaýda bu sorag, esasan aýalyň göwrelilige bolan garaýşynyň we emosional ýagdaýynyň üýtgeme mümkinçiliklerini anyklamak üçin berilýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 11154 gezek okalan