Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

LUBRIKANTLAR NÄME ÜÇIN GEREK?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (25 Ses)

Hormatly okyjy!

Lubrikantlar – jynsy gatnaşygy geçirmegi ýeňilleşdirmäge ýardam berýän organiki serişdelerden ýasalan jynshanany çyglandyryjy suwuklyklardyr. Köp adamlaryň: "Men kynçylyk duýamok, şonuň üçin hem maňa lubrikantlaryň geregi hem ýok" diýmekleri mümkin. Ýöne olaryň peýdasynyň köpdürliligi biziň pikir edişimizde hem köpdür:

► Lubrikantlar jynsy gatnaşygy wagty ujydyň hereketlerini ýeňilleşdirýärler. Köplenç dürli sebäplere görä (gormonal bozulma, alawlama keseller, ýaş bilen bagly bozulmalar) jynshananyň adaty, fiziologiki çyglandyrylmagy bozulýar we jynsa gatnaşyklar wagty agyrylar döräp bilýär. Şol ýagdaýlarda emeli çyglandyryjylary ulanma jynsy gatnaşyklary ýeňilleşdirip, täze duýgulary başdan geçirmäge kömek edip biler.

► Lubrikantlar erkek adamlar üçin hem peýdaly bolup bilýär. Bu serişdeler dürli sebäplere görä, ereksiýa (ujydyň gönelme ýagdaýy) bilen bagly kynçylyklary bolan erkek adamlaryň bolan bozulmalaryny aradan aýyrmaga kömek edýär. Köp halatlarda lubrikantlar wagtyndan öň döreýän eýakulýasiýa bozulmalarynda hem jynsy gatnaşyklary uzaltmaga ýardam edip bilýär.

► Lubrikantlar jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän kesellerden goraýar. Bu serişdeler öz düzümine görä diňe bir jynshananyň nemli gatlagyny şikeslenmelerden goraman, eýsem alawlama, ýokançlyklara garşy hem serişdeleri saklaýarlar. Olaryň köpüsi öz düzüminde derman otlaryň ekstraktlaryny, witaminleri, peýdaly minerallary saklaýarlar.

► Lubrikantlar jynsy gatnaşyklara "täzelikleri" girizmäge kömek edýär. Häzirki wagtda öndürilýän lubrikantlaryň köpüsi jynsy gatnaşyklara täze "öwüşgin" berip biljek häsiýetleri saklaýandyr. Meselem, jynshanany "daraldýan" lubrikantlar, gyzdyryjy ýa-da sowadyjy häsiýetliler, hatda dürli tagamly lubrikantlar hem öndürilýändir.

Lubrikantlar saýlananda olaryň düzümine we ýaramlylyk möhletine üns berilmelidir. Düzüminde suwly esas bolan lubrikantlar, mineral ýagly esasy bolan lubrikantlar bilen deňeşdirlende, öz häsiýetleri boýunça adaty ýagdaýdaka meňzeşdir. Ondan başga hem, olaryň turşylyk derejesine (Ph) üns bermelidir. Bu görkeziji 4,5-5,5 deň lubrikantlar derinň hemme görnüşlerine hem gabat gelýändir.

Allergiki täsirliligi ýokary bolan adamlara gipoallergen çyglandyryjy gelleri saýlama maslahat berilýär. Şeýle hem, lubrikantyň düzüminde saklanýan we jynsy gatnaşygy uzaltmaga ýardam berýän lidokainiň, duýujylygy peseldýändigi sebäpli şikeslenmeleri döredip biljekdigini bilmelidir. Köp gellerde saklanýan hlorgeksidin bolsa köp ýokançlyklara garşy ulanylýan serişde bolsa hem, zyýanlylar bilen bilelikde peýdaly bakteriýalary hem ýok edip bilýändir.

Lubrikantlary saýlama meselesinde öz lukmanyňyzyň ýa-da dermanhananyň işgäriniň maslahatlaryny göz öňüne tutma peýdaly bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 2588 gezek okalan

Teswirler (6)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. perwaz

Salam hormatly lukman.sizin lumbrikantlar barada beren maglumatlarnyz,du$indiri$lerniz kop sag bolsun aytyarys.siz lumbrikantlaryn gorni$leri meselem:jynshanany daraltyan,gyzdyryjy,sowadyjy,durli tagamly diyip bellapsiniz,men du$inmedim durli...

Salam hormatly lukman.sizin lumbrikantlar barada beren maglumatlarnyz,du$indiri$lerniz kop sag bolsun aytyarys.siz lumbrikantlaryn gorni$leri meselem:jynshanany daraltyan,gyzdyryjy,sowadyjy,durli tagamly diyip bellapsiniz,men du$inmedim durli tagamly bolanda nahili bolya,ol chalynyan zat dalmi du$indiri$ berseniz ho$al bolardym

Dowamy
 
  1. Bilesigeliji

lumbricantlary nireden satyn alyp bolyar? Ony oglan baryp satyn alsada bolyamy, gen gorulmeyrmi?

 
  1. Aysha

Men icegamem barlatdym, yara bar diydi. Garynda gozze gorlup bildirip Duran cish shondan bolup bilermi? Hemem balkanabatda haysy hassahanada gastroentrolog lukmany bar bilyan bolsangyz aydayyn.

 
  1. Lukman

Aýsha!<br /> Siziň özüňizi görüp. barlag geçirmezden anyk jogap bermek kynçylyk döredýär. Siziň garnyňyzyň ýellenmegi netijesinde garynda çişginlilik bar ýaly bolup biler, ýöne gastrit keseli garnyň ýüzünde bildirýän çiş alamatlaryny döretmeýär....

Aýsha!<br /> Siziň özüňizi görüp. barlag geçirmezden anyk jogap bermek kynçylyk döredýär. Siziň garnyňyzyň ýellenmegi netijesinde garynda çişginlilik bar ýaly bolup biler, ýöne gastrit keseli garnyň ýüzünde bildirýän çiş alamatlaryny döretmeýär. Size goşmaça barlaglary geçirip, gastroenterolog lukmanynyň maslahatyny almak peýdaly bolardy. Gastrit keseliniň ýiti we dowamly görnüşi barada doly maglumaty almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Gastrit: görnüşleri, alamatlary, bejergisi we berhizi" atly makala bilen tanyşmaklygy maslahat berýärin.

Dowamy
 
  1. Aysha

Lukman gayrat edip jogap berayin, men eyyam 2 yyl Bari shu kesel den kosenyan. Gije yatyranok.

 
  1. Aysha

Salam lukman. Lukman mende garnymyn ust bolegi cish. Eyyam 1 yyldan gecdi. 2-3 balnisa baryp barlatdym gastrit diydiler. Licenya aldym ayrylanok. Arcman shypahanasynada girdim ayrylanok. Gayrat edip maslahat berayin name etmeli? Gastrit den cish...

Salam lukman. Lukman mende garnymyn ust bolegi cish. Eyyam 1 yyldan gecdi. 2-3 balnisa baryp barlatdym gastrit diydiler. Licenya aldym ayrylanok. Arcman shypahanasynada girdim ayrylanok. Gayrat edip maslahat berayin name etmeli? Gastrit den cish emele gelip bilyarmi? Eger seyle bolanynda gastrit ayrylmasa cishem ayrylmayarmy? Hemem dowamly gastrit licenyanam son ayrylyp bilyarmi, ya omur boyy dowam edyan keselmi hayysh jogap berayin?

Dowamy
 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location