Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

JYNSY GATNAŞYGYŇ KADALARYNY NÄHILI BERJAÝ ETMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.68 (37 Ses)

Hormatly okyjy!

Adamlarda jynsy gatnaşyklaryň ýygylygy onuň ýaşyna, saglyk ýagdaýyna, seksual islegine görä dürli-dürli bolup, bu meselede belli çäklendirmeleri belläp bolmaz.

Bir adam üçin bir günde jynsy gatnaşyklary 2-3 gezek geçirmek kada bolsa, başga biri üçin hepdede 2-3 gezek, üçünji birleri üçin bolsa aýda 3-4 gezek geçirmek amatly bolup biler.

Tertipsiz jynsy gatnaşyklar (jysy gatnaşyklary dürli adamlar bilen geçirmek) jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän keselleri ýaýratmagyň esasy sebäbidir. Meselem, sözenek, trihomoniaz, hlamidioz, AIDS... Bu keseller barada Siz öň eşidensiňiz, belli bir maglumatlary alansyňyz.

Biziň saýtymyzda hem bu keseller barada doly maglumatlary berýän makalalar ýerleşdirilendir.

Bu keseller diňe adamyň saglygyna, janyna howp salman, eýsem onuň geljekki nesilleriniň hem saglygyna zyýan ýetirip bilerler.

Galyberse-de, jynsy gatnaşyklaryň tertipsizligi söýgi duýgusy, sabyrlylyk, ynanç, utanjaňlyk ýaly gymmatly duýgulary "küteldýär". Adamyny öz seksual islegini kanagatlandyrýan, emosianal taýdan garyp bir "maşyna" öwrüp bilýär.

Tertipsiz jynsy gatnaşyklaryň aşa ýygylygy jynsy gowşaklyga ýa-da başga seksual bozulmalara getirip biljekdigini ýatda saklamalydyr.

Hormat bilen, Lukman.

  • 20127 gezek okalan

Teswirler (7)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Alihan

Salam. Lukman ginoroydan nadip taplanyp bolar sony yazayyn.

 
  1. Weli

Adam tebigaty boýunça adamyň jyns gatnaşyklarynyň möçberi ýaşyna, saglygyna görä takyk berilmek bilen onuň nähili durmuşda ýaşaýandygyna görä üýtgemegi mümkin. Tertipsiz, kadasyz jynsy gatnaýyklary alyp barýan adamy ýaramaz ýagdaýlara getirýär....

Adam tebigaty boýunça adamyň jyns gatnaşyklarynyň möçberi ýaşyna, saglygyna görä takyk berilmek bilen onuň nähili durmuşda ýaşaýandygyna görä üýtgemegi mümkin. Tertipsiz, kadasyz jynsy gatnaýyklary alyp barýan adamy ýaramaz ýagdaýlara getirýär. Bu hakda lukmanlar yzygiderli duýdyryp durýarlar.

Dowamy
 
  1. Leýli

Jelepler ýer ýüzünde işini bitirip ýörseler olaryň hemrasy bolan, ýaýradýan keselleri hem tertipsiz jynsy gatnaşyklary bilen ýaşaýan adamlaryň ýan ýoldaşy boljakdyklary ikiuçsyzdyr.

 
  1. guwanc

Salam lukman! Men 34 yasymda. Menin jyns organym gatmayar (aktiwnost peseldi). Name maslahat beryaniz. Bejergi aldym tasir etmedi

 
  1. Betdi.

Tebigatyň saňa eçilen atiýaçlylygyny ýaşlykdan çepe, saga hasapsyz pytradyp ýörseň, ýaşyň ellä barmaka aýal görseň gözüňi garaldyp oturarsyň ýa-da bolmasa goşawuçlap derman içip, öz köňliňi kök etmäge ymtylarsyň. Başga alaç tapylmaz.

 
  1. Lukman

Aziz!<br /><br /> Ilkinji gijäniň geçiş aýratynlyklary,esasy üns bermeli ýagdaýlar barada maglumaty saýtymyzda ýerleşdirilen "Ilkinji gijäniň pynhan syrlary we ...ýalňyşlyklary" atly makaladan okap bilersiňiz.

 
  1. aziz

Toy gijesi nahili bolar.name etmeli.

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location