Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ZENAN MAŞGALANYÑ EROGEN ZONALARYNY NÄDIP TAPMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.49 (43 Ses)

Hormatly okyjy!

Aýal maşgalanyň erogen (gyjyndyryjy) nokatlary köp dürlüligi bilen tapawutlanyp, jynsy agzalara degişli nokatlara kinnik (klitor), jynshananyň öňki diwary, ýatgynyň boýunjygy degişli bolsa, jynsy ulgama degişli däl nokatlara dil, agyz, boýun, göwüsler, bil, garnyň aşagy, butlaryň iç ýüzi degişli edilip bilner.

Gelniňiziň gyjyndyryjy nokatlaryny jynsy gatnaşyklaryň dowamynda diňe Siziň özüňiz, "gözleg" esasynda anyklap bilersiňiz.

Aslynda, är-aýal üçin biri-biriniň täze erogen nokatlarynyň gözleginde bolmak, jynsy gatnaşyklary has köp dürli, lezzetli, emosianal taýdan baýlaşdyrylan ýagdaýda geçirmäge ýardam berip biler.

Bu babatda has giňişleýin maglumatlary almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Aýal we erkek seksuallygynyň aýratynlyklary" atly makala bilen tanyşmagy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 23724 gezek okalan