Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GÖNI IÇEGÄ DEGILMEGI HOWPLUMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.62 (55 Ses)

Hormatly okyjy!

Anal (göni içege arkaly amala aşyrylýan) jynsy gatnaşyklar adaty däl jynsy gatnaşyklara degişli edilip, dürli jemgyýetlerde oňa bolan garaýyş dürli-dürlüdir.

Jübütler öz islegleri, erotiki fantaziýalary, dini garaýyşlary, gylyk-häsiýetlerine baglylykda jynsy gatnaşyklaryň dürli görnüşlerini saýlap bilerler.

Anal jynsy gatnaşyklary geçirmek üçin ýörite taýynlygyň (prezerwatiwler, lýubrikantlar – nemlendiriji serişdeleriň) zerurdygyny belläsimiz gelýär. Şonuň ýaly-da, taýynlyksyz, gödek geçirilen halatlarda göni içegäniň diwarlarynyň zeperlenmegi, içege jaýrygynyň döremeginiň, babasyl keseliniň, agyryly ýagdaýlaryň ýüze çykyp biljekdigini belläsimiz gelýär.

Goragsyz geçirilen anal jynsy gatnaşyklar aýalda jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän kesellere, erkeklerde bolsa peşew çykaryş ýollaryny zeperlendirýän ýokançlyklara duçar bolmak töwekgelçiligini ýokarlandyrýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 19269 gezek okalan