Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GORKÝAN GYZLAR HAKYNDA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.50 (101 Ses)

Hormatly okyjy!

Maşgaladaky alan terbiýesine, ýaşaýan gurşawyna  baglylykda, jynsy gatnaşyklara gyz maşgala fiziologiki jähtden taýyn bolsa-da, psihologiki nukdaýnazardan  dürli  möhletde  taýyn bolup biler. Jynsy gatnaşyklaryň aýratynlyklary babatda  dogry maglumaty almazlyk, maşgalada bu gatnaşyklara utanç zat hökmünde seretmek, durmuşa çykan jorasynyň ýa-da aýal doganynyň pikirlerine daýanyp netije çykarmak jynsy gatnaşyklara nädogry garaýyşlaryň emele gelmegine esas döredip biler.

Joraňyz  bu babatda dogry maglumaty hünärmenler tarapyndan ýazylan kitaplardan okasa peýdaly bolar. Bu mesele babatda dogry habary ejesi ýa-da maşgaladaky  başga ynamdar uly adam  hem berip biler. Joraňyz wagty gelende  jynsy gatnaşyklary başlamagyň kanuny ýagdaýdygy, maşgala durmuşynyň dowam edişinde bu gatnaşyklaryň ornunyň möhümdigini ýatda saklamalydyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 37872 gezek okalan