Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GANAMA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.49 (82 Ses)

Hormatly okyjy!

Gyzlyk perdesiniň ilkinji gijede ýyrtylmagy ganyň köp mukdarda ýitirilmegi bilen häsiýetlenmeýär. Ganly bölünip çykmalar az mukdarda bolup, olaryň gelmegi  ortaça 1-4 gün dowam edip biler. Köp mukdarda, lagtaly gelýän ganly bölünip çykmalar, köplenç, ilkinji  jynsy gatnaşykdan soň jynshananyň diwarlarynyň ýyrtylmagynyň alamaty bolup biler. Bu ýagdaý gaýragoýulmasyz hirurgiki kömegiň berilmegini (jynshananyň ýyrtylan ýerine tikin goýmak) talap edýändir. Birinji jynsy gatnaşyklary emaý bilen geçirmek, gödek hereketlere ýol bermezlik bu ýaramaz hadysalaryň öňüni almaga kömek edip biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 28360 gezek okalan