Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
JYNSY GATNAŞYKLAR WE ÝITIRILÝÄN KALORIÝALAR
Hormatly okyjy!
Jynsy gatnaşyklary, dogrudanda, ýeterlik jiziki agramlylyk ýaly hasaplap bolar. Britan alymlarynyň hasaplamalaryna görä, asuda we ol diýen emgenmezden geçirilýän jynsy gatnaşyklaryň takmynan ýarym sagady 200 kal. ýitirmäge kömek edýändir. Eger siz bar öz fantaziýaňyzy jemläp, gatnaşyklaryň geçiriliş ýagdaýyny we tizligini ýokarlandyran haladyňyz bolsa, bir hepdäniň içinde kilogramlaryň bir bölegi bilen hoşlaşyp bilersiňiz. Deňeşdirip görüň: är-aýal düşeginde geçirilýän jynsy gatnaşykda – 12 kkal, wannada – 54 kkal, aşhana stolunyň üstünde – 23 kkal, tanyş bolmadyk ýerde – 120 kkal ýitirmäge mümkinçilik alyp bilersiňiz.
Jynsy gatnaşyklaryň geçiriliş ýagdaýy hem ýitirilýän kaloriýalaryň mukdaryna täsir edip biler. Meselem, ýatan ýeriňden geçirilýän jynsy gatnaşyklar bary-ýogy 15 kkal, dik durlan ýagdaýda geçirilýän gatnaşyklar bolsa 523 kkal. ýitirmäge kömek edip biler.
Jynsy gatnaşyklarda kaloriýalaryň ýitirilmegi üçin esasan üç şerti berjaý etmek hökmandyr: seksual kanagatlanmany alma (orgazm) – 215 kal, jynsy gatnaşyklary söýgi duýgusy bilen geçirme (20-30% kaloriýa köp sarp edilýär) we gatnaşyklarda işjeň bolmak.
Öýlenen oglanlaryň toýdan soň horlanmagyna ýa-da semremegine seksual işjeňligi belli bir derejede täsir edýän hem bolsa, bu ýagdaýa köp sebäpler: ýaşaýyş tertibi, iýmitlenşi, meşgullanýan işiniň görnüşi, endokrin ulgamynyň ýagdaýy hem köp derejede täsir edip bilýändir.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 11834 gezek okalan