Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AÝAKDAKY GRIBOK NÄDIP DÖREÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (4 Ses)

Hormatly okyjy!

Aýagyň kömelejikli keselleri giňden ýaýran häsiýetli bolup, duş gelýän deri keselleriniň arasynda onuň ýygylygy 5%-den 20%-e barabardyr. Çagalarda aýagyň kömelekli zeperlenmesi juda seýrek duş gelýändir. Aýagyň zeperlenmegine kömelejikler toparynyň birnäçe görnüşi sebäp bolup, 40-50% ýagdaýlarda dyrnaklaryň hem zeperlenmegi ýüze çykýandyr.

Aýaklaryň kömelekli keselleri näsag adam bilen gönümel gatnaşyk ýa-da aýakgabyň, eşikleriň, ulanylýan serişdeleriň (wanna otagyndaky rezin düşekçeler, sürtgüçler, pedikýur serişdeler) üsti bilen adama ýokuşyp biler.

Näsag adamdan gaçan kömelekli deri bölejikleriniň aýagyň derisine ýelmeşmegi netijesinde, adama bu kesel hammamda, suw howzunda suwa düşende ýokuşyp biler.

Deriniň guraklygy ýa-da derlegenligi bilen döreýän şikeslenmeleri, suwa düşensoň aýagyň barmaklarynyň arasyny gowy süpürmezlik, dyrnaklaryň şikeslenmegi, aýagyň gan aýlanşygynyň bozulmagy, daban süňkleriň döwülmekleri, käbir beden we endokrin keselleri (esasan süýji keseli) aýagyň kömelejikler bilen  zeperlenmegine getirip biler.

Aýagyň kömelekli zeperlenmeleri barmaklaryň arasyndaky deriniň reňkiniň üýtgemegi, soýulmagy, dyrnaklaryň döwülmegi, aýrylmagy, reňkiniň üýtgemegi bilen häsiýetlendirilýändir.

Aýagyň kömelekli keselleri, kömelejikleriň görnüşine we zeperlenmeleriň häsiýetine baglylykda ýerli ulanylýan serişdeleriň (nizoral, mifungar, mikozoral, butrafen melhemi, terbinafin, ekzoderil kremi) kömegi bilen bejerilýär.

Barmaklaryň dyrnaklarynyň zeperlenen halatynda, olary arassalap, täze dyrnaklar ösýänçä ýokardaky serişdelerden birini ulanýarlar.

Görkezme bolan ýagdaýlarda flukonazol, intrakonazol, ketokonazol serişdeleriň gerdejiklerini kabul etmek hem maslahat berilýär. Doly sagalma gazanylýança, aýda bir gezek hlorgeksidiniň 1%-li ergini ýa-da formaliniň 25%-li ergini bilen aýakgaplary arassalamak maslahat berilýändir.

Bejergi çäreleri dermatolog lukmany tarapyndan amala aşyrylýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 6087 gezek okalan