Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

AIW WE MAŞGALA DURMUŞY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

AIW-yň jyns ýollary arkaly geçme töwekgelçiliginiň örän ýokarydygy baradaky maglumatlar size belli bolsa gerek. AIW-yň ýokuşan wagtyndan AIDS (rusça SPID) keseliniň ýaýbaňlanýan döwri, birnäçe aýdan 8-9 ýyla çenli wagt aralygyny düzüp biler. Şu güne çenli bu keseliň doly netijeli bejergisi bolman, bejergide bedende wirusyň köpelmeginiň öňüni alýan we immun öýjükleriniň zeperlenme derejesini peseldýän dermanlar tapgyrlaýyn ulanylýandyr. Immun ulgamynyň öýjüklerini mukdar taýdan barlama hem-de wirus öýjükleriniň sanyny kesgitleme barlagyny wagtynda geçirip, hemişe lukmanyň gözegçiligi astynda bolma, AIW-i göterijiler üçin hökmanydyr. Kadaly geçirilip duran barlag we bejergi çäreleri, AIW göterijilerde AIDS keseliniň döremeginiň öňüni alyp biler. Siziň gelinligiňize toýdan we meýilleşdirilýän göwrelilikden öň bejergi tapgyryny geçmek gerekdir. Soňky geçirilen barlaglar, wirusa garşy geçirilen bejerginiň, çagany kesarewo kesimi operasiýasy arkaly dünýä indirme, ene süýdi bilen iýmitlendirmeden gaça durma çäreleriniň täze bolan çaga AIW-yň ýokuşma töwekgelçiligini peseltmäge ýardam berýändigini görkezdi.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3284 gezek okalan