Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

HAPGYRTMANYÑ ÝETIRIP BILJEK ZYÝANLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (4 Ses)

Hormatly okyjy!

Hapgyrtma (epidemiki parotit) – ýiti wirusly ýokançly kesel bolup, tüýkülik mäzleriniň we mäzli dokumasy bolan başga agzalaryň zeperlenmegi bilen häsiýetlendirilýän keseldir. Kesel beden gyzgynynyň ýokarlanmagy we gulagyň ýanynda ýerleşýän mäziň ulalmagy bilen başlanyp, köplenç ýagdaýlarda äňasty we diliň aşagyndaky mäzleriň ulalmagy hem syn edilýändir. Mäzleriň iriňlemegi bolup geçmeýär. Dogrudan hem, ýetginjek oglanlarda we ýaş erkek adamlarda wirus ýumurtgajygy hem zeperlendirip bilýändir. Bu ýagdaýda olaryň çişmegi we agyrylar döräp biler. Eger Sizde bu alamatly gaýraüzülmeler ýüze çykmadyk bolsa, biynjalyk bolara esas ýokdur.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3798 gezek okalan