Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝAPYK SARYGETIRME HOWPLUMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.38 (16 Ses)

Hormatly okyjy!

Barlaglar Sizde sarygetirmäniň haýsy görnüşini anyklady? Ganda wiruslaryň we antitelalaryň (wirusyň bedene düşmegine jogap edip emele gelýän goraýjy öýjükler) belli bir mukdarynyň bolmagy, bu keseliň bedende dowamly bolup, täze ýokuşmandygyndan habar berýär. Siz sarygetirme wirusyny göteriji bolup, islendik bedeniň immun ulgamynyň gowşamagyna getirjek ýagdaýlar wiruslaryň köpelip, keseliň aýdyň görnüşe geçmegine sebäp bolup biler. C gepatiti bolsa köplenç alamatsyz geçip, bagryň has çynlakaý zeperlenmelerine getirip bilýändir.

Bagryň USB-gy we ganyň barlagy (bilirubiniň we fermentleriň görkezijileri) wirusyň berýän şikeslenmeleriniň derejesini anyklamaga kömek edip biler.

Häzirki wagtda wiruslaryň mukdaryny we bagra ýetirýän zeperini peseldip, wirusly gepatitleriň islendik görnüşini bejermäge kömek edýän derman serişdeleriň köp görnüşi ulanylýandyr. Sagalmany gazanmak üçin, okanç keseller lukmanynda doly bejergi tapgyryny (bejerginiň dowamlylygy tapgyrlaýyn 12-18 aý bolup biler) alyp, gözegçilikde saklanmak ýerlikli bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 6414 gezek okalan