SÜŇK DÖWÜGINI BITIRMEGIŇ ÇÄRELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.33 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

Siz süňküňiz döwüleninden lukmana ýüz tutanyňyz gaty dogry. Lukman Size ilkinji kömegi we esasy bejergi bolan gips longetany goýup bereni hem begendirýär. Indiki etmeli işiňiz bolsa fizioemleri ulanmakdan ybaratdyr. Fiziobejergi süňk döwüginiň Size ýetirýän ýaramaz duýgularyny aýryp, döwügiň çalt bitmegine ýardam berer.

Ultra ýokary ýygylykly elektromagnit meýadanynyň täsiri.

Bu görnüşli bejergide elektromagnit meýdany dokumalara täsir edip, olary gyzdyrýar. Dokumalardaky täzeden dikeldilme hadysalary güýçlenýär, agyrylar peselýär.

Eliň aýasyna ultramelewşe şöhleleriň täsiri.

Bejerginiň bu görnüşinde D witaminiň emele gelmesi güýçlenýär. D witamini bolsa kalsiý duzlarynyň bedende çalt özleşmegini üpçün edýär.

Kalsiý serişdesi bilen geçirilýän elektroforezyň täsiri.

Elektromagnit meýdanyň täsiri bilen položitel zarýadly (himiýa dersini ýadyňyza salyň) kalsiý duzlary deriň üsti bilen dokumalara barýar we bedendäki kalsiý duzlaryň mykdaryny ýokarlandyrýar. Şoň esasynda hem zeperlenen süňk dokumasynyň bitmegi güýçlenýär.

Fiziobejergi diňe lukman tarapyndan bellenilmeli bejergidir. Fiziobejergi otaglarynda bejergi almak üçin degişli saglyk öýüňize ýa-da golaýdaky hassahana ýüz tutup bilersiňiz.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 1183 gezek okalan

Teswirler (3)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. batyr

Lukman! Gyzylodegin eroziyasy barada gysgaca maglumat berseniz sizden hosal bolardym. Nace wagtdan son yara bityar? Yene nahili masalahatlar berip bilyaniz!

 
  1. Lukman

Batyr!<br /> Gyzylödegiň eroziýasynda ýagly, ýiti, ajy, marinada ýatyrlan, gaty gurak önümleri we naharlary iýmek bolmaýar. Gök önümleriň içinde turşulyk saklaýan önümleri iýmek maslahat berilmeýär: turp, redis, pomidor, sitrus ir-iýmişleri,...

Batyr!<br /> Gyzylödegiň eroziýasynda ýagly, ýiti, ajy, marinada ýatyrlan, gaty gurak önümleri we naharlary iýmek bolmaýar. Gök önümleriň içinde turşulyk saklaýan önümleri iýmek maslahat berilmeýär: turp, redis, pomidor, sitrus ir-iýmişleri, gawun we turşy alma. Süýji alma, erik, banan, garpyz ýaly ir-iýmişleri iýmek howply bolup bilmez.

Dowamy
 
  1. Batyr

Salam lukman! Gyzylodegin asaky boleginin eroziyasy bilen keselledim.keselhanada 5 gun bejergi aldym. Sizden sorajak bolyan soragym, gok onumlerden name iyip bolyar.yagny erik garpyz alma we s.m hemde miwe siresini icip bolyamy? Bolmayan bolsa...

Salam lukman! Gyzylodegin asaky boleginin eroziyasy bilen keselledim.keselhanada 5 gun bejergi aldym. Sizden sorajak bolyan soragym, gok onumlerden name iyip bolyar.yagny erik garpyz alma we s.m hemde miwe siresini icip bolyamy? Bolmayan bolsa haysy wagtdan nace gunden son iyip icip bolar?

Dowamy
 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location