Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GASYK MÄZINIŇ ÇIŞMESI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.90 (10 Ses)

Hormatly okyjy!

Siziň aýdýan keseliňiz gasyk limfadenity. Adamyň gasygynda ýüzleý we çuň ýerleşen limfa mäzleri bolýar. Çanaklyk zolagyndaky agzalarda şol sanda jyns agzalarda we aýaklarda ýüze çykan islendik ýokançlar tarapyndan dörän gaýnaglama hadysasy bu mäzleriň çişip ulalmagyna getirýändir. Limfadenit – limfa mäziň gaýnaglamasy diýmek. Bu ýagdaýda limfa mäzler adaty bolmaly ölçeglerinden ulalýarlar, duran ýeri gyzaryp agyry duýgusyny döredýär. Has hem adam ýörände agyry artýar. Eger-de imfadenityň sebäbini göze görünip duran agzalarda anyklap bolmasa, onda onuň sebäbini has içgin barlap tapmaly. Jyns taýdan ýokuşýan käbir keselleriň gizlin akymy bolup hem biler. Eger şol sebäp doly anyklanylyp aradan aýrylmasa, limfa mäziň ölçegi gitdigiçe ulalar. Limfa mäzi özbaşdak şol ýokançlar bilen göreşmäni başarmasa, onda mäziň içinde iriňli hadysa döräp başlanýar. Bu ýagdaýda mäziň içindäki iriňi kesip aýyrmay bolýar. Şu ýagdaýa ýetirmez ýaly limfa mäziň üýtgemeginiň ilkinji alamatlaryny göreniňizden gijikdirmän lukmana ýüz tutmagyňyzy maslahat berýärin.

Doganyňyz Onklogiýa merkezinde näme sebäpden operasiýa etdiripdir? Belki hem şol operasion ýaraň üstünden doganyňyzyň bedenine ýokanç ýa-da bakteriýalar düşüp limfa mäziň ulalmagyna getirendir.

Aýagynyň çişmeginiň sebäbi – limfa mäzleriň ulalmagy netijesinde gan alyp gaýdýan esasy wenalaryň biri gysylyp ganyň akymyny peseldýär. Şoň esasynda aýagyň çişmegi ýüze çykýar. Islendik ýagdaýda hem doganyňyza operasiýa eden lukmana ýüz tutmagyny maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4404 gezek okalan