Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

KESILEN BARMAGY PROTEZ BILEN ÇALŞYP BOLARMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

kesilen barmak protezi"Salam lukman! Men 27 ýaşymda. 3 aý mundan ozal tötänlik bilen öz çep elimiň 3-nji barmagynyň kesilmegine duçar boldum. Häzirki wagtda ýaram bitdi we agyrym ýok. Ýitirlen barmaklarymyñ ýerine protezleri ulanyp bolarmyka? Maňa ýurdumymzdaky haýsy hassahanalar kömek edip bilerkä ýa-da daşary ýurt hassahanalara ýüz tutmaly bolarmy?"

Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjy,

Ýitirilen barmagyň ýerine protezleri ulanma mümkinçiligini kesgitlemek üçin size ortoped lukmanynyň maslahaty gerek bolar. Onuň üçin size Aşgabat şäherindäki Şikesleri bejeriş halkara merkezine ýüz tutmak zerurdyr. Ýitirilen barmagyň ýerine bellenen görnüşli protezi size merkeziň önümçilik bölüminiň hünärmenleri taýýarlap bererler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 1006 gezek okalan