Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GAN BASYŞ DYZA TÄSIR EDIP BILÝÄRMIKÄ?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 1.50 (2 Ses)

Hormatly okyjy!

Sizi biynjalyk edýän alamatlaryň sebäbini anyklamak üçin haýsy anyklaýyş barlaglaryndan geçdiňiz?

Siz bagryň ehinokokkozy babatda hirurgiki bejergini alandygyňyz barada ýazýarsyňyz. Bagryň we öt haltanyň işine baha bermek üçin, ol agzalaryň USB-ny geçmek, ganyň biohimiki derňewini geçirmek zerurlygy döreýär. Alnan netijelere görä, bagryň öýjükleriniň işine, öt haltanyň işini kadalaşdyryjy dermanlary, derman ösümlikleri, gerek bolsa ýörite berhiz çärelerini geçirmek peýdaly bolardy.

Çep dyzyňyzda döreýän agyry bilen gan basyşyň arabaglanşygy ýok. Siziň dyzyňyzda öň şikeslenme bolmadymy? Dyz bogunda ýüze çykýan agyrylar şikeslenme netijesinde döreýän üýtgemeler, ýaşa laýyklykda bogun bölekleriniň üýtgemegi (osteoartroz), guryagyry keselinde, bognuň sowuklama ýagdaýlarynda, şeýle hem bedeniň alyş-çalyş ýagdaýlarynyň üýtgemelerinde (podagra) döräp biler.

Şu sebäpleri anyklama we bejergi çärelerini geçirmek üçin trawmatolog-ortaped lukmanyň  maslahaty gerekdir. Bar bolan saglyk kynçylyklaryny (bagyrda, bogunda agyry, kadasyz gan basyşy) aradan aýyrmak üçin Size doly anyklaýyş çärelerini geçirip, degişli lukmanlaryň bejergisini almagy maslahat berýäris.

Hormat bilen, Lukman.

  • 3952 gezek okalan