Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BILAGYRYŇ SEBÄBI NÄMEKÄ?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (10 Ses)

Hormatly  okyjy!

Siz oz hatyňyzda ýaşyňyzyň näçedigini we öň geçen barlaglaryňyz hem-de bejergileriňiz barada (eger geçen bolsaňyz) maglumat bermeýärsiňiz. Bilde agyry oňurganyň bil-türre  bölüminiň osteohondrozy, oňurga ingisiniň döremegi, oňurganyň gyşarmagy (skolioz), süňk dokumasynyň dürli keselleri meselem, osteoporoz), peşew çykaryş ulgamyň kesellerinde (piýelonefrit, glomerulonefrit, böwrek damarynyň
trombozy), jyns agzalaryň sowuklama ýagdaýlary we täze döremeleri, oňurganyň şikeslenmeleri netijesinde döräp biler.

Beden agramynyň artmagy hem dürli sebäplere görä (iýmitiňiziň düzüminiň üýtgemegi, fiziki işjeňligiň peselmegi, endokrin ulgamyň näsazlyklary, käbir derman serişdeleri uzak kabul etmek) döräp, hemmetaraplaýyn lukmançylyk barlagyny talap edýändir. Bilde döreýän agyrylaryň we beden agramynyň köpelmeginiň sebäbini anyklamak we bejergi ýa-da öňüni alyş çäreleri geçirmek üçin newropatolog hem-de endokrinolog lukmanlaryna ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, Lukman.

  • 5831 gezek okalan