BOÝY ÖSDÜRMEGIŇ USULLARY BARMYKA?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.43 (7 Ses)

Hormatly okyjy?

Siz öz hatyňyzda ýaşyňyzyň näçedigini we boýuňyzy ösdürmek üçin  näme çäreleri ulanandygyňyz barada maglumat bermeýärsiňiz.

Adam süňklerinde ösüş meýdanlary bolan kekirdewük gatlaklary saklanýança boýuň ösmegi dowam edýändir. Şol gatlaklaryň gatamagy ösüş meýdanlarynyň ýapylandygyndan we ösüşi tijendirmegiň netijesizliginden habar berýär. Adam 20 ýaşa çenli, köp halatlarda 25-27 ýaşa çenli hem ösüp bilýändir.

Eger ösüş meýdanlary açyk bolsa, degişli barlaglardan soň, gipofiz mäziniň ösüş gormony bolan somatotropin ýa-da somatomedin gormonyny ulanmak hem netijeli bolar. Adatça bejerginiň birinji 2 ýylynda adam 10-12 sm çenli ösüp biler. Ýöne boýuňyz bilen bile barmaklaryň, burnuň, kelle çanagynyň süňkleriniň ösmegi hem bu usulyň ýetmezçiligi bolup durýandyr. Gormon bilen bejergi diňe endokrinolog lukmanyň gözegçiligi bilen alynmalydyr.

Bedende gormonlaryň işjeňligini witamin E,C, nikotin turşylygy we sink ýokarlandyryp, olaryň tapgyrlaýyn kabul edilmegi hem boýuň ösmegine kömek edip biler.

Boýuň netijeli ösüşini hirurgiki bejergi arkaly gazanyp bolýandyr. Bejergi Ilizarowyň usuly bilen geçirilip, operasiýa mahaly injik süňkleri döwlüp we olara ýörite enjam geýdirilip ýuwaş-ýuwaş çekilýändir. Bu usulyň kömegi bilen 5-15 sm çenli boýuň ösmegini gazanyp bolýandyr. Süňkleriň bitişmezligi we olara ýokançlyklaryň düşmegi, bejerginiň gymmatlygy, işe ukypsyzlyk döwrüniň dowamlylygy bu usulyň ýetmezçiligi bolup durýandyr.

Boýuň  fiziki  maşklaryň  kömegi bilen  ösmegini  gazanmak belli usul bolup, ol usul oňurgany süýndürmäge we onuň gyşarmalarynyň düzedilmegini aradan aýyrmaga gönükdirilendir. Kadaly maşklar bilen meşgullanma  boýy 5-7 sm çenli ösdürmäge kömek edip biler. Bu maksat üçin niýetlenen maşklaryň dürli görnüşleri bilen  Siz Internet sahypalarynda tanşyp bilersiňiz. Saglyk ýagdaýyňyz babatda lukmanyň gözegçiligini geçeniňizden soň, sport tälimçisiniň maslahatyny almak Siz üçin peýdaly bolar.

Boýy ösdürmegiň meseleleri barada giňişleýin maglumaty biz ýakyn günlerde saýtymyzyň sahypalarynda Siziň dykgatyňyza hödürläris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 1948 gezek okalan

Teswirler (1)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Artyk

Sag bolun. Menem gyzyklandyryady shu mesele. Ginishleyin makalanyza garashyan

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location