Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GURAGYRYNY NÄDIP AÝYRMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (2 Ses)

Hormatly okyjy!

Guragyry keseliniň bejergisi üç tapgyrda geçirilýändir:

1-nji tapgyr – keseliň işjeň möwrütinde hassahanada geçirilip, ol 4-6 hepdäni öz içine alýandyr.

2-nji tapgyr – hassahana bejergisinden soň, şypahana-kurort bejergisini geçmek.

3-nji tapgyr – lukmanyň kadaly gözegçiligi (dispanser gözegçiligi).

Guragyryly näsagyň iýmiti witaminlere, beloga, fosfolipidlere baý bolmalydyr. Keseli bejermekde derman serişdelerinden antibiotikler (bisillin-5, oksasillin, metisillin), sowuklama garşy steroid (gormonal) däl serişdeler (aspirin, butadion, diklofenak, ibuprofen), glukokortikoid gormonlar (triamsinolon, prednizalon, deksametazon), immunitetiň işjeňligini peseldýän serişdeler (delagil, plakwenil, hlorbutin,imuran) ulanylýar.

Ýürek-damar ulgamynyň işiniň bozulmalarynda ýürek glukozidleri, buşukdyryjy serişdeler hem ulanylýar. Guragyrynyň bejergisinde fizioemleri hem giňden ulanylýar. Keseliň geçiş tapgyrynda, zeperlendiriş derejesine baglylykda ultramelewşe şöhleleri, derman elektroforezi, infragyzyl şöhleleri, ultra ýokary ýygylykdaky tolkunlaryň täsiri, parafin, ýörite bejergi palçyklar bilen ýapgylary ulanma ýaly fiziki bejergi çäreleri, şonuň ýaly-da bejeriş bedenterbiýesi giňden ulanylýandyr.

Keseliň geçiş häsiýetine baglylykda bejergi çärelerini diňe rewmatolog lukmany bellemelidir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 1806 gezek okalan

Teswirler (0)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location