Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÇYGLY HOWANYŇ TÄSIRI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Hormatly okyjy!

Alymlaryň arasynda çygly howanyň zeperlenen dokumalara, bogunlara edýän täsirini düşündirýän dürli teoriýalar dörese-de, olaryň köpüsi doly düşündirişi bermäge ukyply däldirler. Ýöne olaryň içinde hakykata ýakyn düşündirişler hem bardyr. Bu düşündirişleriň esasyny atmosfera basyşynyň üýtgemegi düzýändir.

Bogunlara, beden dokumalaryna täsirini ýagyşly, çygly howa däl-de, şeýle howada döreýän atmosfera basyşynyň peselmegi ýetirýändir. Bedeni basyp, dokumalary giňelmeden saklaýan ýokary atmosfera basyşy peselende, beden dokumalarynyň giňelmegine hem-de bogunlara, şikeslenmeden soň dörän tyglara, sepleşmelere basyşy döretmegi mümkindir. Bu ýagdaý bolsa, onsuz hem üýtgän bogunlarda, tygly ýerlerde agyrylaryň, sanjylaryň döremeginiň sebäbi bolup biler.

Atmosfera basyşynyň peselmegi bilen utgaşýan çygly howa duýgur adamlara lukmanlar ýaşaýan öýlerini, münýän maşynyny ýylytmagy, ýyly geýinmegi, agyryly bogunlara ýyladyjy grelkalary ulanmagy, şeýle günlerde hereketde bolmagy maslahat berýärler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 1542 gezek okalan

Teswirler (0)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location