Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DUZ DYZYMA ZYÝANLYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

"Bogunlara duz ýygnanýar" diýen düşünje lumançylyk edebiýatynda duş gelmeýär. Bu jümle bilen durmuşda adamlar, direg-hereketlendiriş ulgamynyň süňkleriň gurluşynyň üýtgemegi bilen häsiýetlendirilýän kesellerinde döreýän süňk ösüntgilerini atlandyrýarlar. Ýöne bogunlarda duzuň-uratlaryň toplanmagy bilen döreýän ýeke-täk kesel bolan podagra keselini aýratyn bellemek bolar. Ýiti we et önümlerini çäksiz kabul etmek, aşa köp iýmek, bedende urat duzlaryň köp emele gelmegi, alkogol içgilerini kabul etmek, böwrek keselleri podagra keseliniň döremegine itergi berip bilerler. Köplenç ýagdaýlarda podagra dabanyň ownuk süňklerini şikeslendirse hem, duzuň ýygnanmagy dyz we egin bogunlaryny hem zeperlendirip bilýändir.

Nahar duzuny çäklendirmek ýürek-damar ulgamynyň işini, şol bilen bilelikde gan basyşyny kadalaşdyrmaga, beden agramyny azaltmaga ýardam berip bilse-de, duzdan doly ýüz öwürmek hem bedenimize öz ýaramaz täzirini ýetirip biler. Duzy düzýän natriý ionlarynyň beden öýjükleriniň işini we alyş-çalyş ýagdaýlary kadalaşdyrýandygyny bellemelidir. Kadada bir gije-gündiziň dowamynda adama 5-8 gramm, ýylyň yssy wagtynda bolsa 30-40 grama çenli duz gerekdir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3202 gezek okalan