Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DYZLARA WE TIRSEKLERE IDEG ETMEGIŇ AÝRATYNLYGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.17 (42 Ses)

 

Hormatly okyjy!

Tomus günleri ýeňleri gysga, ýeňsiz, açyk, gysga köýnekleri geýmek yssy howada ýeňillik duýmaga ýardam berýär. Ýöne tirsekleriň we dyzlaryň derisinde döreýän goňrumtyl gara tegmiller açyk biçüwli eşikleri geýmäge mümkinçilik bermeýär. Bu bogunlaryň derisi aýallarda bolşy ýaly, erkek adamlarda hem üýtgemä sezewar bolýar. Ýöne kosmetiki taýdan aýal-gyzlar üçin bu çynlakaý mesele bolup durýar.

Sebäpleri

Tirsekleriň we dyzlaryň derisiniň garalmagy – deriniň guramagynyň we dargan deri öýjükleriniň toplanmagynyň alamatydyr. Bu ýerlerde deri has galyň bolup, gan aýlanyş pesdir. Ondan başga-da, tirsekler we dyzlar bedeniň başga ýerleri bilen deňeşdirlende agramlylyga ýygy sezewar bolýarlar.

Tirsekleriň we dyzlaryň derisiniň garalmagyna töwekgelçilik deriniň häsiýetine, onuň çeýeligine we çyglylygyna, olara edilýän idege baglydyr. Gigiýeniki çäreleriň ýetmezçiligi, tirseklere we dyzlara dowamly agram salmak, gün şöhleleriniň dowamly täsiri bedeniň bu bölekleriniň derisiniň üýtgemegine sebäp bolýar.

Tirsekleriň we dyzlaryň derisiniň galyňlaşmagyna aýbaşydan galma döwründe ýüze çykýan estrogen gormonlarynyň ýetmezçiliginiň hem täsir edýändigini bellemelidir.

Tirsekleriň we dyzlaryň derisine ideg etmek üçin serişdeler

Suw we skrab serişdeleri

Köp adamlar bedeniň bu bölekleriniň garalmagynyň sebäbiniň gigiýeniki çäreleriň ýetmezçilik edýändigindedigi barada pikir hem etmeýärler. Tirsekleri we dyzlary sürtgüçler bilen ýuwmak köp halatlarda deriniň agarmagyna getirip biler. Ondan başga hem, ýörişe arassalaýjy serişdeler – skrablar (deňiz duzy, erigiň ýa-da şetdalynyň şäniginiň owradylan bölekleri, ak palçyk) bilen täsir etmek hem, bu ýerlerde toplanan öli öýjükleriň aýrylmagyna we deriniň agarmagyna kömek berip biler.

Nemlendiriji serişdeler

Derini ýeterlik nemlendirmek hem deriniň buýnuzlaşmagynyü we guramagynyň öňüni alymaga kömek edýär. Suw wannalaryny kabul edeniňizden soň tirsekleriň we dyzlaryň derisine nemlendiriji kremleri çalmaga unutmaň.

Agartmak üçin niýetlenen serişdeler

Häzirki wagtda düzüminde agardyjy serişdeleri saklaýan ençeme kosmetiki kremler we geller öndürilýär. Öý şertlerinde ulanmak üçin limonyň şiresi maslahat berilýär. Tirsekleriň we dyzlaryň derisini limon şiresi bilen agşam süpüriň. Wagtyň geçmegi bilen ol ýerleriň agarýandygyny görersiňiz.

Öý şertlerinde ulanylýan ýapgylar

► Bir çaý çemçeden E witaminini, limon şiresini, gliserini we 4 nahar çemçe süýdi garyň. Alnan pastany tirsekleriň we dyzlaryň garalan ýerlerine çalyň hem-de 15 min. goýuň. Gyzgyn suw bilen ýuwuň.

► Limonyň bir bölejigini kesiň we garalan ýerlerde 15-20 min. goýuň. Ondan soň süpürgiji gyzgyn suwda ölläp, tirsekleri we dyzlary süpüriň.

► Tirsekleriň we dyzlaryň buýnuzlaşan derisine pemza daşyny sürtüň. Ýöne deri şikeslerini gazanmaz ýaly, gaty sürtmäň.

► Wodorodyň öteturşysyna pamygy batyryň we tirsekleri, dyzlary süpüriň. Bu serişde güýçli agardyjydyr.

► Aşhana sirkesiniň (uksus) we gatygyň garyndysy hem derini agartmaga kömek edýändir. Bu ýerlere aýlawly hereketler bilen garyndyny çalyň we 15 min. goýuň. Soňundan gyzgyn suw bilen ýuwuň.

► Limon böleginiň üstüne gara şekeri we duzy goýup, tirseklere we dyzlara sürtüň. Limonda derini agardyjy serişdeler saklanýar. Duz bilen gara şeker bolsa derini ölen deri öýjüklerden arassalap, nemlendirmäge ýardam berýärler.

► Ýer almasynyň (kartofel) şiresi bilen öllenen pamygy tirsekleriň we dyzlaryň derisine çalyň. Bi serişde hem gowy netijeleri berýändir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 5730 gezek okalan