Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SAÇYŇ ÝAGLYLYGYNY NÄDIP AÝYRMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.40 (5 Ses)

Hormatly okyjy!

Saçyň aşa ýaglylygy endokrin ulgamynyň işiniň näsazlyklarynda, ýetginjeklik döwründe, aşa ýagly, ýiti iýmitleriň kabul edilmegi netijesinde ýüze çykyp biler. Galyberse-de, deriniň ýaglylygy Siziň bedeniňiz üçin mahsus sypat bolup, başga-da kynçylyklara (düwürtiklere) getirip biler. Bu babatda birnäçe maslahatymyzy beresimiz gelýär:

  • Her niçik bolsa-da, hapalanyş derejesine baglylykda, saçyňyzy ýagly saçlar üçin niýetlenen serişdeler (şampunlar)  bilen her 2-3 günden ýuwmaly.
  • Saçyňyza ýelmeşmez ýaly, reňkli goşundysyz dury şampunlary biraz saçda saklap, soň ýuwmak dogry bolar;
  • Ýuwlandan soň saçlary krapiwanyň (çit-çiti) suwuna, aloe otunyň şiresine, suwda garylan alma uksusy, limon turşusy garylan suwa çaýkamak ýaglylygy azaldyp biler.
  • Saçlary reňklemek hem ýaglylygy peseldip biler.
  • Saçyňyzy daraňyzda, deri ýagyny saçlara degirmez ýaly, uly dişli daragyň kömegi bilen emaý bilen daraň.

Deriniň ýaglylygynyň sebäbini anyklap, aradan aýrar ýaly triholog lukmana ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Saýtyň lukmany.

  • 4687 gezek okalan