Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

NÄDIP 30 KG HORLANYP BOLAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.59 (162 Ses)

Hormatly okyjy!

Artykmaç agramdan dynmak wagty, uly islegi, sabyrlylygy, belli bir guramaçylykly düzgüni talap edýändir. Bu aşakdaky çäreleri öz içine alyp biler:

  • Endokrin we merkezi nerw ulgamynyň näsazlyklaryny aradan aýyrmak üçin lukmanyň barlagy we bejergisi.
  • Berhiz tutmak. Ol ýokumlylyk derejesi boýunça pes we beden agzalaryna zyýansyz iýmitiň görnüşlerinden düzülen bolmalydyr.
  • Ýörite, diňe Siz üçin düzülen fiziki maşklar toplumy bilen meşgullanmak.

Horlanmak meselesi babatda, has takygy işdäňizi (eger ol juda açyk bolsa) peseltmek maksady bilen lukman Size işdäňize täsir edýän dermanlary belläp biler.

Horlanmagyň hirurgiki usullary hem bardyr. Meselem, liposaksiýa (deriasty ýaglary aýyrmak) usuly.

Horlanmagy isleýän adamlara lukmanlar birden horlanmazlygy maslahat berýärler. Umuny agramyň 10-15%-ni 6-7 aýda ýitirme kadaly görkeziji hasaplanýar.

Birden horlanma bedeniň alyş-çalyş ýagdaýlaryna, endokrin ulgamynyň işiniň bozulmalaryna getirip biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 39261 gezek okalan