Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GARAMYK KESELINDEN SOÑ GALAN YZLARY NÄDIP AÝYRMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.83 (6 Ses)

Hormatly okyjy!

Garamyk keselinden soň deride galýan ýara yzlarynyň özbaşdak aýrylyp gitmeýän halatlary hem bolýar. Şunuň ýaly ýagdaý garamygyň ýetginjekler ýa-da uly adamlar tarapyndan geçirilen halatlarynda has hem köp duş gelýär.

Deriňiziň ýagdaýyna, zeperleniş derejesine baglylykda ýara yzlaryndan özbaşdak ýa-da dermatolog lukmanyň kömegi bilen dynyp bilersiňiz. Deri öýjükleriniň dikeldiş işjeňligini ýokarlandyryp, onuň tekizlenmegini gazanmak üçin, özbaşdak kakao ýagyny, C witaminini saklaýan melhemleri, ýüzi owkalama, ýörite her gün ulanmak üçin niýetlenen iýmitlendiriji melhemleri çalmak ýaly bejeriş çärelerini ulanyp bilersiňiz.

Eger bu çäreler oýjagaz bolup duran ýara yzlary aýyrmaga kömek etmese, onda dermatolog-kosmetolog lukmanlara ýüz tutuň. Häzirki zaman kosmetologiýa bejeriş çäreleriniň mümkinçilikleri uly bolup, olar ýara yzlary kollagen bilen doldurmak, deriniň üstki gatlagyny himiki serişdeler bilen aýyrmak,  mikrokristallaryň kömegi bilen bejergi, lazer bilen tekizlemek usullaryny öz içine alýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3893 gezek okalan

Teswirler (9)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. CaRteZz

Jogap beren bolayyn.<br />garamygyn yzy erwet oy nahili maz bn ayryp bolorka

 
  1. aman

menne garamyk ordi cykanyna 3 gun bolly gijemesi ayyrlanok erwetlesyar nam etsen gkwy bolarka

 
  1. Rahym

Salam lukman maña golayda garamyk cykdy hazir yara owruldi sol yaralary calt yz goyman ayyryan nahili maz barka?maslahat bermeginizi hayys edyan

 
  1. yhlas

Salam menin saclarymyn iclerine ve endamyma duvmejikler cykdy onun bilen caklenman kellamde ve onurga sunklerimde agyry peyda boldy mendaki bu gorulyan yagday garamyk keselimi ve nadip onuni almaly

 
  1. yhlas

Salam menin saclarymyn iclerine ve endamyma duvmejikler cykdy onun bilen caklenman kellamde ve onurga sunklerimde agyry peyda boldy. mendaki bu gorulyan yagday garamyk keselimi ve nadip onuni almaly

 
  1. Lukman

Berdimyrat!<br /> Garamyk keselinde deriniň ýüzünde emele gelýän içi suwluja düwmejiklere el degirmän, arassa saklamak zerur bolup durýandyr.Olary elleme ýa-da gijeme synanşyklary ýokançlyklaryň ýokuşyp, düwmejikler aýrylandan soň, ýerlerinde...

Berdimyrat!<br /> Garamyk keselinde deriniň ýüzünde emele gelýän içi suwluja düwmejiklere el degirmän, arassa saklamak zerur bolup durýandyr.Olary elleme ýa-da gijeme synanşyklary ýokançlyklaryň ýokuşyp, düwmejikler aýrylandan soň, ýerlerinde bildirýän tygjagazlaryň galmagynyň sebäbi bolup biler.Örgünleri arassa saklamak üçin ýaşyl jöwheriň spirtli ergini, marganes turşulygynyň goýy bolmadyk (margansowka) ergini bilen olary işlemek (kellede çykan örgünler hem)zerurdyr.Garamygyň örgünleri ýaňy örüp başlanda asiklowir melhemini, sikloferonyň suwuk görnüşini ulanma hem maslahat berilýär.

Dowamy
 
  1. Berdimyrat

Jogaba kop garashmaly bolarmyka wiyy onaanam sacjymyn ichimede cykdy olary nam etmeli

 
  1. Berdimyrat

Mana hazir garamyk cykdy cykamyna 3 gun boldy diyen yaly boldy yone hazir cykmasy galdy men name etmeli sizin maslahatynyz gerek lukman name calmaly

 
  1. Berdimyrat

Salam

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location