Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝAŞLARDA DÖREYAN "AK SAÇLARYŇ" BEJERGISI BARMYKA?!

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.20 (5 Ses)

Hormatly Nury!

Ak saçlaryň 45-55 ýaşda köpelmegi kadaly hasaplansa hem, häzir 30 ýaşa ýetmedik ýaş adamlaryň 40%-de bu ýagdaýa duş gelip bolýar. Saçyň wagtyndan ir agarmagy köp sebäplere bagly bolup, alymlaryň köpüsi genetiki töwekgelçiligi öňe sürseler, köpüsi ony bedeniň alyş-çalyş ýagdaýlarynyň bozulmagy bilen düşündirýär. Saçyň ir agarmagy dowamly stress ýagdaýlary, wirusly keseller, bedende tirozin belok düzüminiň, misiň, kalsiniň ýetmezçiligi, galkan şekilli mäziň keselleri, aşgazan-içege ulgamynyň bozulmalary, melanin pigmentiniň emele gelmeginiň bozulmalary netijesinde başlap biler. Şonuň üçin hem endokrinolog, triholog lukmanlarynyň maslahatyny alyp, saçlaryň agarma ýagdaýynyň öňüni almaga synanyşyk edip bolar.

Gynansagam, köp halatlarda saçyň agarmagynyň sebäplerini anyklap, degişli bejergini geçirmäge mümkinçilik bolmaýar. Onuň ýaly ýagdaýlarda saç reňkleýji kosmetiki serişdelerden peýdalanmak esasy çykalga bolup durýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3797 gezek okalan