DÜWÜRTIK ÖRGÜNLERI NÄDIP AÝYRMALY?

• Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.16 (25 Ses)

Hormatly okyjy!

Ýüzde çykýan düwürtikleriň bejergisinde onuň ýaýraýyş derejesini, ýerleşişini, deride sowuklama ýagdaýynyň bardygyny ýa-da ýoklugyny, dörän gaýraüzülmeleri göz öňünde tutmak möhümdir. Ondan başga-da lukmana ýüzüň derisiniň ýagdaýy, endokrin ulgamynyň işi barada maglumatlary bilmek peýdaly bolup biler. Düwürtikleriň ýüze çykyş sebäbine görä, häzirki wagtda dürli derman serişdeleri ulanylýar:

► Ýüze çalynýan derman serişdeleri – benzoilperoksid hem-de onuň ýokançlyklara garşy bolan serişdeleri, kükürt bilen utgaşykdaky derman görnüşleri, A witaminden ýasalan serişdeler (aýrol, retin-A), azeldin turşylygy (skinoren). Bu derman serişdeleri deride düwürtikleriň sowuklama ýagdaýlarynyň emele gelmeginiň öňüni alyp, olaryň netijeliligi uzak wagt (3 aýdan az däl) ulanylanda ýüze çykýandyr. Käbir halatlarda olar deriniň aşa gyjyndyrylmagyny – dermatit ýagdaýyny döredip biler. Onuň ýaly ýagdaýlarda, dermanyň ulanyş ýygylygyny azaltmak we dermanyň pes konsentrasiýaly görnüşine geçmek ýeterlik bolar.

► Ýokançlyklara garşy serişdeler – eritromisin (zinerit), klindamisin (dalasin), tetrasiklin serişdeleri.

Täze ulanylýan serişdelerden başga-da, öňden ulanylýan kükürtden ýasalan serişdeler, salisil turşulygy, rezorsin peýdaly bolup biler.

Soňky ýyllarda A witaminden ýasalan derman serişdeleri – izotretinoin (roakkutan) has peýdaly netijeleri berip, ol deri ýagyny işläp çykarmagyny peseltmäge ukyplydyr. Bu serişdeler bilen bejerginiň dowamlylygy 4 aýdan az bolmaly däldir.

Düwürtikleri aýyrmakda goşmaça çäre höküminde ýüzi arassalamak, ýüzleý geçirilýän krioterapiýa (sowuk temperaturanyň täsiri bilen), darsonwal togy, lazer şöhleleriň täsiri ulanylyp bilner. Bejergi çäreler toplumyny, degişli barlagdan soň dermatolog-kosmetolog lukmanlarynyň bellemeginiň möhümdigini ýatladasymyz gelýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

• 10181 gezek okalan

Teswirler (10)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
1. arslan

Sdff

1. Satlyk

Zinerit düwürtige kömek edermi

1. Ayhan

Salam men 17 yashymda men yuzumde duwurtik bar
Men kasmetik onumlerinik kop caldym emma peyda
Bermeyar men ondan dynasym gelyar gayrat edip komek
Edayin.

1. myrathan

Salam lukman. Men 19yasymda. Yuzime duwurtik cykyady. Mana goryaci b.n gan calysma etdirsem peyda etjekdigini aytdylar. Yone shony etdiremson duwurtiklen gara gyzyl agyryly yzlary kopeldi.
Name edemde we haysy lukmana yuz tutamda gowy...

Salam lukman. Men 19yasymda. Yuzime duwurtik cykyady. Mana goryaci b.n gan calysma etdirsem peyda etjekdigini aytdylar. Yone shony etdiremson duwurtiklen gara gyzyl agyryly yzlary kopeldi.
Name edemde we haysy lukmana yuz tutamda gowy boljagyny maslahat bermegnizi hayyst edyarin.
Jogabynyza sabyrsyzlyk b.n garasyan!

Dowamy

1. gelmişek

Köp adamlar düwurtügiñ sebäbi jynsy gatnaşyga bolan islegliligiñ güçlenmegi diýýäler şol dogrymyka

1. Yhlas

SalamHormatly lukman!men 19yasymda yuzumdaki duwurtiklerden nadip dynyp bolarka.derman serisdelerini hem ulanup gordum Zinerit hem peyda edenok.Maslahat berayseniz
Jogabynyza garsyan Lukman

1. Yhlas

Yhlas.amanow.95@inbox.ru

1. oraz

salam millet

1. serdar

salam lukman men size seyle sorag bn yuzlenyan
men 18 yasymda yuzumde duwurdik diysem yalnasaryn birhili gara nokatlar derimin oz ozunden duwurdik gornushde cisya yone duwrtikdalmyka oydyan

jogabynyza sabyrsyzlyk bn...

salam lukman men size seyle sorag bn yuzlenyan
men 18 yasymda yuzumde duwurdik diysem yalnasaryn birhili gara nokatlar derimin oz ozunden duwurdik gornushde cisya yone duwrtikdalmyka oydyan

jogabynyza sabyrsyzlyk bn garashyan

Dowamy

1. jennet

salam millet

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location