Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝETGINJEKLIK DÜWÜRTIKLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.25 (32 Ses)

Statistiki maglumatlaryň bellemegine görä, 14 ýaşdan 30 ýaşa çenli adamlaryň 80%-i bu kosmetiki kynçylykdan ejir çekýärler. Arassa, tekiz deri ugrundaky göreşde kim öz bilimine daýansa, kim hünärmenlere ýüzlenýär, başgalary bolsa bejeriş kosmetiki serişdeleri ulanmagy ýüregine düwýär.

Islendik ýagdaýda hem, her adamyň düwürtiklerden dynmak ugrundaky göreşi, onuň täze durmuşynyň başlangyjy bolup durýandyr.

Gynansak hem, düwürtiklerden dynmagyň kyn mesele bolup, ony çözmek üçin uzak wagtyň gerek boljakdyryny köpler bilmeýärler.

Ýüzdäki düwürtikler dürli sebäpleriň täsiri netijesinde ýüze çykyp, köp babatda onuň bejergisi şol sebäpleri aradan aýyrmaga gönükdirilen bolmalydyr.

Bedende bolup geçýän gormonal üýtgemeler, genetiki aýratynlyklar, uzaga çekýän stress ýagdaýlary, bedeniň tapdan düşmegi, deriň ýag mäzleriniň işjeňleşmegi, iýmit siňdiriş ulgamynyň dowamly keselleri, nädogry iýmitlenme (gowrulan, ýagly nahara, kofe içgisine ýykgyn etme) ýaly sebäpler düwürtikleriň döremegine itergi berip bilerler.

Ýüzdäki  düwürtikleriň görnüşleri

Düwürtikleriň bejergisinde olaryň görnüşlerini göz öňüne tutmak bejerginiň netijeliligine täsir edip biler.

Durmuşda biz ýüze çykan islendik örgüni "düwürtikler" diýip atlandyrýarys.

Düwürtikleriň aşakdaky görnüşlerini tapawutlandyrýarlar:

► Ýapyk komedonlar – deriniň üstünden biraz galýan ak nokatjyklar bolup, köplenç maňlaýda hem-de eňekde peýda bolýarlar.

Şeýle düwürtikleriň bejergisinde derini ýygy-ýygydan arassalamak, deriniň üstki gatlagyny emeli soýma, salisil turşulygynyň serişdelerini ulanmak ýaly çäreleri geçirýärler.

► Açyk komedonlar – köpümize belli bolan "garaja nokatjyklar" bolup, esasan çekgede, dulukda, burnuň üstünde, eňekde, arkada, döşde peýda bolýarlar.

Bejergisi ýapyk komedonlaryň bejergisine kybapdaşdyr.

► Kistalar – goýy gyzyl reňkli, ölçegi birnäçe millimetrden 5 sm-e çenli bolan, ýumşak ýa-da gatyja emele gelmelerdir. Ýüzüň, boýnuň, göwräniň islendik ýerinde emele gelip bilýärler.

Düwürtikleriň bu görnüşini hünärmenler bejermelidir,çüňki nädogry geçirilen bejeriş çäreleri ýüzde ýara tyglaryny galdyryp bilerler.

► Düwünçejikler (papula) – gyzyl we gatan tümmejik görnüşindäki deriniň sowuklan bölekleridir.

Ýüzüň, döşüň, arkanyň, kelläniň hemme ýerlerini tutup, ýörite utgaşdyrylan bejergini talap edýändir.

► Iriňli düwmejik (pustula) – saç haltajygynyň töwereginde döreýän iriňli emele gelmelerdir.

Iriňli boşluk bolup, deriniň ýüzünde gabyjaklary döredip bilýärler. Bu örgünler esasan ýüzde we boýunda ýüze çykyp, lukmanyň bellän bejergi çärelerini talap edýändir.

► Düwünler – 5 mm ölçegden uly bolan gaty we uly sowuklama häsiýetli deri bölekleridir.

Içi iriňli bu düwürtikler köplenç agyryly bolup, ýüzde hem-de endamda döräp bilýärler.

Düwürtikleriň ýaýraýyş derejesi boýunça bölünişi

Düwürtikleri ýaýraýyş derejesi boýunça bölmäniň anyk kesgitlemesi bolmasa hem, käbir hünärmenler onuň üç derejesini aýyl-saýyl edýärler:

Ýeňil dereje – ýüzde sowuklama alamaty bolmadyk açyk ýa-da ýapyk komedonlaryň bolmagy. Ýeňil derejede ýüzüň derisinde 10-dan az papula-pustula örgünleri bolup biler.

Orta derejede – ýüzüň derisinde 10-dan 40-a çenli papula-pustula örgünleri bolýar.

Agyr derejede – 40-dan köp papula-pustula bolan hem-de iriňli kista ýa-da düwün görnüşli örgünler.

Bejergi çäreleri

Ýüzdäki düwürtikleriň bejergisini  sebäbine, görnüşine, ýaýraýyş derjesine, deriniň görnüşine baglylykda dermatolog lukmanlary geçirmelidir. Özbaşdak geçirilen bejergi çäreleriň gödek tegmilleri, tyglary goýup biljekdigini, derman serişdeleriniň allergiki täsirliligi döredip biljekdigini ýatda saklamalydyr.

Bejergi çäreleri düwürtikleriň ýaýraýyş derejesine baglylykda bellenilýär:

Ýeňil derejede– derä çalynýan melhemler ulanylýar. Bu maksat üçin dermatologiýada 20 ýyldan köp ulanylýan benzoilperoksidi mysal getirip bolar. Bu serişdäniň derini agardyjy, ýokançlyklara garşy durujy häsiýeti bolup, ol komedonlary bejermekde has hem üstünlikli ulanylýar.

Benzoilperoksidiň kükürt, azol  birleşmeleri bilen taýynlanan utgaşykly derman görnüşleri bolup, olaryň netijeliligi has hem ýokarydyr.

Benzoilperoksidiň pes netijeliligi ýa-da oňa bolan allergiki täsirlilik ýüze çykanda A witaminiň sintetiki serişdesi bolan tretinoinyň (Ayrol, Petin-A) melhemleri ulanylýar. Bu serişde ýokary netijeliligi bilen tapawutlanyp, saç haltajygyň buýnuzlaşma ýagdaýyny, ýag mäzleriň işini kadalaşdyryp, deriniň sowuklama ýagdaýlarynyň döremeginiň öňüni alýar.

Ondan başga-da, deri ýokançlyklaryna garşy ýokary netijeliligi bolan hem-de komedonlary aýyrmakda azelain turşulygy (skinoren) giňden ulanylýar.

Ýokarda agzalan melhemleriň netijeliligi dowamly (3 aýdan az däl) ulanylanda ýüze çykýandyr. Kä halatlarda olar derini gyjyndyryp, dermatit ýagdaýyna hem getirip bilýändirler. Şunuň ýaly ýagdaýlarda serişdäniň mukdaryny ýa-da ulanma ýygylygyny azaltmak maslahat berilýär.

Şonuň ýaly-da, bu derman serişdeleriniň birden ikisini ýa-da ondan hem köp sanlysyny ulanmak maslahat berilmeýär.

Howanyň pes temperaturasynda ýa-da günüň aşagynda bu dermanlar bilen bejergi alynýarka gezmek gadagan edilýändir.

Görkezme bolan halatlarynda, ýokarda agzalan serişdeleriň ýany bilen antibiotik serişdesini ulanmak hem maslahat berilýär.

Antibiotik serişdeleri komedonlary aýyrmaga ukyply däldir. Şonuň üçin hem olary deriniň papula-pustula görnüşli örgünlerinde ulanmak netijeli bolýar.

Düwürtikleri bejermekde netijeli antibiotikleriň biri hem eritromisindir. Häzirki wagtda bu antibiotigiň sink bilen bile ýasalan utgaşmasy (zinerit) giňden ulanylyp, ol deriniň sowuklama ýagdaýyny aýyrmaga hem-de ýag mäzleriň işini kadalaşdyrmaga ýardam berýändir.

Käbir ýagdaýlarda bu serişdäniň deriniň guraklygyna getirýändigini göz öňüne tutup, ony esasan ýagly deriniň bejergisinde ulanmak dogry hasaplanýar.

Şunuň ýaly-da, antibiotiklerden klindamisin (dalasin) serişdäniň melhemini ulanmak hem peýdaly netijeleri berýär.

Täze derman serişdelerinden başga-da, düwürtikleriň bejergisinde salisil turşulygy, kükürdiň melhemleri, rezorsin hem üstünlikli ulanylýandyr.

♦ Düwürtikleriň ýaýraýşynyň orta derejesinde ýokarda häsiýetlendirilen melhemler bilen birlikde tetrasiklin (doksisiklin, minosiklin), klindamisin, sulfanilamid serişdeleri hem utgaşykda ulanylýar.

Düwürtik keseliniň orta we agyr derejesinde ulanylýan antibiotikleriň diňe dowamly (1 aýdan az däl) ulanylmagy durnukly netijeliligi berip bilýändir.

Şonuň bilen birlikde hem, dowamly ulanylýan antibiotik serişdeleriniň ýaramaz täsiriniň ýüze çykmagy mümkindir.

Olar ýaly ýaramaz täsirlilige içegeleriň disbakteriozy, deri ýokançlyklarynyň antibiotik serişdä  durnuklylygynyň ýokarlanmagy, tetrasikliniň bolsa deriniň gün şöhlelerine bolan duýgurlylygyny ýokarlandyrmagy ýaly alamatlar degişli edilip bilner.

♦ Düwürtikli keseliň agyr görnüşlerinde derä çalynýan melhemler bilen birlikde antibiotikleriň dowamly bejergisi (3 aý we ondan hem köp) bellenilýär.

Keseliň agyr görnüşlerinden ejir çekýän aýallara gineklog, endokrinolog lukmanyň maslahatyndan soň gormonal serişdeleri (meselem, diane-35 ) kabul etmek maslahat berilýär.

Eger 3 aýyň dowamynda bejergi netije bermese, A witaminiň sintetili serişdeleri (roakkutan) bellenilýär.

Bu serişdeler saç haltajygyň öýjüklerini kadalaşdyrmaga, deri ýagynyň emele gelmegini peseltmäge, komedonlaryň öňüni almaga kömek edip, bejerginiň dowamlylygy 4 aýdan 6 aý aralyk möhleti öz içine alýandyr.

A witamini saklaýan serişdeleri göwrelilere, çaga emdirýän enelere, bagyr we böwrek ýetmezçiliginden ejir çekýän adamlara, süýji keselli adamlara ulanmak bolmaýar.Şonuň ýaly-da, bu serişdeleri tetrasiklin bilen utgaşdyrmak bolmaýar.

Görkezme bolanda, düwürtikleriň bejergisinde derman serişdeleri bilen birlikde ýüzi arassalama (piling), ýüzüň owkalamasy, darsonwal toguny, sowuk howa akymy bilen (krioterapiýa), lazer şöhlesi bilen bejeriş çäreleri ulanylýar.

Eger Siziň ýüzüňizde düwürtikler mahal- mahal peýda bolýan bolsa, onda dermatolog-kosmetologlaryň maslahatlaryny göz öňüne tutma ýeterlik bolar:

1. Dörän düwürtikleri gysyp aýyrmadan saklanyň. Gysylyp aýyrlanda düwürtikleriň deride ýaýrama mümkinçiligi ýokarlanýandyr.

2. Siziň özbaşdak geçirjek bejergi çäreleriňiz bejeriş kosmetiki serişdeleri dogry saýlamagy talap edýändir. Hemme kosmetiki serişdeler (ýüzi ýuwýan serişdeler, kremler, losýonlar) Siziň deriňiziň ýagdaýyna we görnüşine (gury, ýagly, garyşyk) görä saýlanylmalydyr.Ýatmazyňyzdan öň hemme kosmetiki serişdeler ýüzden aýrylmalydyr. Kadaly ýygylykda ýüzi arassalaýan çäreleri geçirmelidir.

3. Düwürtikleriň bejergisi sagdyn durmuş düzgünini talap edýändir. Iýmitlenmede gowrulan, ýagly iýmitden gaça durup, ter gök önümleri we ir-iýmişleri iýmek, arassa howada gezmelemek, wagtynda dynç almak, stresslerden gaça durmak, saglygyňyza kadaly gözegçilik etmek düwürtiklere garşy göreş ýolunyň başlangyjy bolup durýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 8582 gezek okalan