Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝAKAL

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.88 (8 Ses)

Hormatly okyjy!

Saýtda ýerleşdirilen "Ýüze çykan ýakaly nädip aýyrmaly" atly makalada  beýan edilen, ýüzdäki tegmilleri agartmak üçin niýetlenen ýapgylary öý şertlerinde hem taýynlama kynçylyk döretmeýär. Ýapgylaryň düzümine girýän serişdeleriň gerek mukdaryny şäherimizdäki dermanhanalardan tapyp bolýandyr. Ondan başga-da, gözellik salonlarynda siziň deriňiziň ýagdaýyna baglylykda agardyjy ýapgylary kosmetolog lukmanlary hem taýynlap bilerler. Öý şertlerinde taýynlamasy kyn bolmadyk agardyjy ýapgylaryň birnäçesiniň düzümini size hödürleýäris:

► Ak sabyny pyçagyň kömegi bilen gyryp, gyryndynyň 1 çaý çemçesine  3%-li wodorod öteturşusynyň  1 nahar çemçesini goşup,  gowy garyň. Emele gelen garynda naşatyr spirtiniň 2-3 damjasyny goşup we ýene garyp tegmilleriň üstüne çalyň. Ýapgyny 15-20 minutdan ýuwup, tegmilleriň üstüne öz ulanýan iýmitlendiriji kremiňizi çalyp bilersiňiz.

► Tegmilleriň üstüne limonyň, greýpfruttyň, hyýaryň, petruşkanyň şiresini çalma hem peýdaly bolar. Bu ýapgylary günda birnäçe gezek gaýtalamalydyr.

► Dorogyň bir nahar çemçesine 3%-li wodorodyň öteturşysyny,  şonça-da naşatyr spirtini goşup, hemmesini gowy garyň. Dorogyň bölejiklerini tegmilleriň üstüne basyp çalyň. 20 minutdan ýapgyny ýuwup aýryň. Bu ýapgyny her gün ulanmalydyr.

► Tegmilleri agartmak üçin ak palçyk (kaolin) hem netijeli ulanylýandyr. Onuň ýarym nahar çemçesini täze alnan limonyň şiresi bilen garyp, ony ýüzüňize çalyň. 20 minutdan ýuwup aýryň. Limon şiresiniň ýerine hyýaryň, petruşkanyň şiresini ýa-da gatygy hem goşup çalyp bolýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4454 gezek okalan