Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

MYŞSALARY NÄDIP ÖSDÜRMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.06 (17 Ses)

Hormatly okyjy!

Myşsalary ösdürmek isleýän sport türgenleri üçin esasy iýmitlenmäniň ýanyndan  ýörite goşundylary  kabul etmek peýdalydyr. Ol goşundylara protein içgisi, arginin, glýutamin, kreatin, leýsin aminoturşulyklary saklaýan serişdeler degişlidir. Ondan başga-da, bedeniň ýokary kuwwatlylygyny üpjün etmek üçin uglewodlara baý içgi-geýnerler ulanylýar. Olaryň düzüminiň 50-80%-ni uglewodlar, 15-30%-ni bolsa beloklar tutup, olar öz düzüminde ýumurtga belogyny, süýdi, däneli önümleri saklaýarlar. Belokly goşundylary sport harytlary satylýan dükanlardan tapyp bolar. Bedene belogyň köp mukdarynyň düşmeginiň alyş-çalyş ýagdaýlara ýaramaz täsir edip biljekdigini göz öňüne tutyp, olary kabul edip başlamazdan öň, öz halypaňyz bilen maslahatlaşmak dogry bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 9641 gezek okalan