Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SAÇ OTURTMAK ZYÝANLYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.67 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

Saç oturtmak çäresiniň howplulygy, ony geçirmegiň usulynyň saýlanşyna we hirurg lukmanyň hünärmenlik derejesine köp derejede baglydyr. Häzirki wagtda ulanylýan usullar saglyk üçin howpsyzdyr we gaýraüzülmelere getirýän däldir. Ýöne saç oturtma operasiýasyny geçirmäge garşy görkezmeler hemişe anyklanylmalydyr. Deriniň ýiti ýokançly keselleri dörän halatynda we ganyň lagtalanmagynyň pesliginden ejir çekýän adamlara bu çäräni geçirmek bolýan däldir. Şeýle-de, süýjikeselli adamlarda saç otutmak kosmetiki bejergisi seresaplylyk bilen geçirilmelidir.

Saýtyň lukmany.

  • 3707 gezek okalan