Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BEDENDÄKI GYLLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.86 (7 Ses)

Hormatly okyjy!

Erkek adamlaryň (aýallaryň hem) bedeniniň gyl örtüginiň derejesi testosteron gormonynyň derejesine bagly bolup, onuň mukdaryny peseltme synanşyklary endokrin ulgamyň başga bozulmalaryna getirip biler.

Şol sebäpden hem, artykmaç gyl örtüginden dynmagyň usullaryny bilip, olary dogry ulanma, sizi bu oňaýsyz kynçylykdan belli bir wagt halas edip biler. Erkek adamlary, esasan gaşlarynyň arasynda, arkasynda, döşünde ösýän gyl örtüginiň köplügi alada goýup bilýändir.

Öý şertlerinde sakgal syrylýan stanok ýa-da dürli kremdir geller bilen gyl örtügini aýyrma synanşyklary geçirmek elýeterli bolsa-da, bu çäreler gysgamöhletleýin (2 -6 gün) peýdalylygy bilen tapawutlanýandyrlar.

Ýöriteleşdirilen kosmetologiki merkezler Size birnäçe usullaryň kömegi bilen oňaýsyz kynçylykdan dynmaga kömek edip biler:

► Bioepilýasiýa- deriniň ýüzüne parafin çalnyp, soňundan ýörite kosmetiki süpürgiçler bilen süpürlip aýrylýandyr. Bu usul agyryly bolsa-da, netijeliligi 3-5 hepde saklanýandyr.

► Fotoepilýasiýa-gönükdirilen ýagtylyk akymynyň saçlaryň saklaýan melanin pigmentine edýän täsirine esaslanandyr. Kosmetologiýada iň täze we agyrsyz usullaryň biri bolup, ol allergiki täsirliligiň ýüze çykmagyna getirýän däldir.

► Lazer epilýasiýasy-lazer şöhlesiniň saçyň düýpjagazlaryna edýän täsiri ulanylýp, uzakmöhletleýin netijeliligi bilen bellidir.

Öý şertlerinde ulanylýan usullar netijesiz bolup, Sizi kanagatlandyrmaýan bolsa, kosmetolog lukmanlaryna maslahat üçin ýüzlenip bilersiňiz.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4657 gezek okalan