Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ELLERIM NÄME ÜÇIN GIJEÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.83 (18 Ses)

Hormatly okyjy!

Elleriň gijeme alamatlary köp sebäpleriň täsiri bilen döräp biler. Adatça şol bir sebäp dine ellerde gijileme döretmän, eýsem deriniň başga ýerlerinde hem döredip biler.

Derini zeperleýji neýrodermit, gijilewük keseli, allergiki täsirlilik (derman serişdesine, iýmite, kosmetiki serişdelere) bu alamatyň döremeginiň sebäbi bolup bilerler.

Ondan başga-da, umumy beden keselleri bolan wegeto-damar distoniýasy, süýji keseli, galkan şekilli mäziň bozulmalary, bagryň we öt haltanyň keselleri hem elleriň gijemegine getirip bilýän sebäp bolýarlar.

Şeýle-de, himiki we ýylylyk faktorlary, sowuk howa bilen gyzgyn howanyň gezekleşikli täsiri elleriň derisiniň gurap, gijilemegine getirip biler.

Siz öz iş ýeriňizde, öýüňizde ulanýan himiki we kosmetiki serişdelerine, iş şertleriňiziň aýratynlygyna üns beriň. Bedeniň umumy ýagdaýyna baha berip, deri keselleriniň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak üçin, Size gaýtadan maşgala we dermatolog lukmanyna ýüz tutma peýdaly bolardy.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3348 gezek okalan