Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BITLERE GARŞY NETIJELI SERIŞDELER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.55 (11 Ses)

Hormatly okyjy!

Bitlere garşy dürli şerişdeler şampun, melhem, ergin, geller, emulsiý görnüşlerde öndürilip, çagalara has netijeli serişdeler çaga lukmany ýa-da dermatolog lukmany tarapyndan bellenilmelidir.

Bitlere we sirkelere garşy netijeli serişdeler höküminde aşakdakylary maslahat berip bolar:

► Nittifor – 5% permetrin serişdesini saklaýan krem ýa-da losýon görnüşinde öndürilýär. Çagalarda 5 ýaşdan başlap ulanmaga rugsat berilýär. Täsirliligi dowamly bolup, öňüni almak serişdesi höküminde ulanmaga maslahat berilmeýär.

► Paranit – anis efir ýagynyň we dimetikonyň garyndysy bolup, çagalara 5 ýaşdan ulanmaga rugsat berilýär.

► NOK – permetrin saklaýan şampun görnüşli, dowamly täsirli serişde bolup, uly bitleri we sirkeleri öldürýär. 2 ýaşdan başlap ulanmaga rugsat berilýär. Deri keselleri we allergiki täsirliligi bolan adamlara lukmanyň maslahatyndan soň ulanmak maslahat berilýär.

► Parazidoz – fenotrini saklaýan şampun bolup, saçlaryň düýbüne çalnyp, 10 min. saklanylýar. 2,5 ýaşdan ulanmaga maslahat berilýär.

► Medifoks – 5%-li permetriniň goýy ergini bolup, suw bulen garylýandyr. Täsirlilik döwri – 30 min. 1 ýaşdan ulanmaga maslahat berilýär.

► Ful marks – siklometikon serişdesini saklaýan goýy ergin bolup, zäherli däldir. Bitleriň dem alyş ulgamynyň işjeňligini togtadýar. Çagalara, göwreli aýallara, demgysmaly näsaglara ulanmaga rugsat berilýär.

Bitlere garşy netijeli göreşmek we täzeden ýokuşma howpuny aradan aýyrmak üçin çaganyň ulanýan egin-eşiklerini, ýorgan-düşegini ýuwujy serişdeler bilen ýuwma, ýaşaýan otagynda tämizleme-arassalaýyş çärelerini geçirmek wajypdyr.

Bu mugthorlara garşy geçirilýän çäreler barada doly maglumaty, saýtymyzda ýerleşdirilen "Kiçijik bitlere garşy uly göreş" atly makaladan okap bilersiňiz.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4098 gezek okalan