Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DÜWÜRTIKLERI NÄDIP AÝYRMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.22 (108 Ses)

Salam!

Siziň ýüzüňiziň ýagly bolup, onda we arkada düwürtikleriň döremegi deri ýagynyň emele gelmeginde we bölünip çykmagynda näsazlyklaryň bardygyndan habar berýär. Bu kesele "seboreýa" diýlip, onda deri ýagynyň aşa köp işlenilip çykarylmagy, deriniň deşijiklerini bitirip, olara ýokançlyklaryň düşmegi bolsa düwürtikleriň emele gelmegine sebäp bolýar.

Seboreýa keseliniň döremeginde nerw, endokrin we iýmit siňdiriş ulgamlarynyň işiniň bozulmagy hem esasy orny eýeleýär. Şonuň üçin hem degişli lukmanlaryň maslahatyny alyp, sebäbini anyklamak hökmandyr. Deriniň ýaglylygyndan dynmak üçin ilki bilen iýmitlenmäni kadalaşdyrmak zerurdyr. Size täze, ter bakja önümleri, ir-iýmişleri köp iýip, etli we süýji önümlerden gaça durmagyňyzy maslahat berýäris. Şeýle-de süýt önümlerine we dänelilere ýykgyn etmegiňiziň zerurdygyny belleýäris. Häzirki wagtda ýagly deridäki düwürtikleri bejermekde dürli serişdeler (zinerit, sink saklaýan melhem, kontraktubeks, badýaga-forte, salisil turşulygyndan ýasalan dermanlar, klerasil, degtýar sabyny, kükürt saklaýan melhem we başgalar), mezoterapiýa usuly (deri içre dürli serişdeleri goýbermek), lazer bilen bejergi, ozon bejergisi, foto (ýagtylyk bejergisi, ýüzüňi düwürtiklerden arassalamak (piling) usullary giňden ulanylýar. Öý şertlerinde çopantelpek, kalendula, baldan, çeredadan we lawr ýapragyndan ýasalan ýapgylar hen peýdaly bolup biler. Agzalan serişdeleri utgaşykda geçirmek degerli netijeleri berip, ýörite lukmanyň gözegçiligini talap edýändir.

Size dermatolog lukmanyna ýüz tutmagy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 30003 gezek okalan