Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

JYNS AGZALARDAKY SIŇŇILLERI NÄHILI BEJERMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1

sorag f"Salam lukman! Jynsy agzanyñ towereginden cykyan siññile meňzeş goñur rendaki öryan zatlar ulalyp köpelse name edip bolyar? Men degişli ceşmelerden okap bu ýagdaýa papilloma wirusyň getirip bilýändigini bildim. Eger olary aýyrtmasaň howply bolup bilermi?"

Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjy,

Adamyň papilloma wirusynyň belli bir görnüşleri jyns agzalarda dürli örýän döremeleriň emele gelmeginiň sebäbi bolýarlar. Olar gülgüne ýa-da açyk goňur reňkli, ýumşak ösüntgiler görnüşde ýa-da "gülli kelem" görnüşdäki emele gelmeler bolup syn edilýär. Ululygy boýunça diametrde 1mm-den 20 mm-e çenli ýetýärler.

Siňňiller (ýituçly kondilomalar) gijeme we ötme, döremeden bölünip çykmalar ýaly alamatlary döredip biler. Şeýle hem, içki eşige ýa-da jyns gatnaşyk wagty sürtülip we şikeslenip ganap bilýändir. Bulardan başga hem, bu döremeleriň daşky estetik kemçiligine getirýändigini bellemelidir.

Häzirki wagtda, erkek adamlarda kondilomalaryň iň netijeli bejergisi – olary aýyrmakdyr. Aýyrmany lazeriň kömegi bilen, elektrokoagulýasiýa usuly bilen geçirýärler. Şeýle-de, ýörite derman serişdeleriň kömegi bilen hem siňňiller ýakylyp dargadylýar.

Ýöne jyns agzalarda çykan siňňilleri aýyrmak wirusyň täsirliligine garşy gutarnykly bejergi bolup bilmeýär. Çünki wirus bedende bolup, immun ulgamynyň gowşan wagty ýene alamatlaryny ýüze çykaryp bilýändir. Şol sebäpden hem, bu maksatlar üçin wirusa garşy we immun ulgamyny tijendiriji dermanlary tapgyrlaýyn almak hem wajyp bolup durýandyr.

Jyns agzalarda adamyň papilloma wirusynyň döredýän emele gelmelerini aýyrmak we wirusyň täsirliligini gowşatmak üçin urolog, dermatowenerolog lukmanlarynyň maslahatyny we bejergisini almak dogry bolardy.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 127 gezek okalan