Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

PIS AÇMA KESELI NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.86 (7 Ses)

Hormatly okyjy!

Witiligo (pis açma, pis keseli) – deriniň reňkiniň ýitmegi (agarmagy) bilen häsiýetlendirilýän, seýrek duş gelýän keseldir.

Keseliň döremegi, deriniň käbir bölekleriniň deri öýjüklerinde tirozinaza fermentiniň ýoklugy sebäpli, pigment emele getirme ukybynyň ýitirilmegi bilen düşündirilýär.

Keseliň ýüze çykmagyna stress ýagdaýlary, galkan şekilli mäziň keselleri, genetiki töwekgelçilik ýaly faktorlar hem täsir edip biler. Witiligo islendik ýaşda döreýän hem bolsa, 50% ýagdaýlarda kesel 10 ýaşdan 30 ýaş aralygyndaky adamlarda has ýygy duş gelip biler. Deriniň käbir böleklerinde reňksiz, ulalma hem-de birleşmä ukyply ýerleriň döremegi keseliň esasy alamaty bolup durýandyr. Üýtgän ýerlerdäki saçlar hem reňkleýji pigmentden mahrumdyr.

Reňksiz deri meýdançalary gün we emeli ultramelewşe şöhlelere örän duýgurdyr. Witiligo keseliniň bejergisi adatça az netijelidir. Ýagtylyk we ultramelewşe şöhleleri, häzirki wagtda bolsa eksimer lazerini ulanyp derä täsir etme, esasy bejergi çärelerine degişlidir. Şeýle näsaglara ýörite serenjam beriji kosmetiki serişdleri ulanma maslahat berilýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 5568 gezek okalan