Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DYRNAGYŇ ÖSMEZLIGINIŇ SEBÄPLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.25 (4 Ses)

Hormatly okyjy!

Siz öz hatyňyzda, ýegeniňiziň dyrnagyny näme sebäpden aýyrdandygyny bellemeýärsiňiz. Dyrnaklaryň kömelekli şikeslenmesi olaryň sagdyn ösmegini togtadyp biler. Bedende dörän witaminleriň we kalsiý mineralynyň ýetmezçiligi hem dyrnaklaryň kadaly ösmegine täsirini ýetirýändir. Şol sebäpden, süýt, dorog, mesge, balyk işbili, gyzyl balyk ýaly önümleriň kadaly kabul edilmegi bedeniň kalsiý mineralyna bolan talabyny kanagatlandyryp biler.

Immun, endokrin we ýürek-damar ulgamynda dörän bozulmalar hem çaganyň dyrnagynyň ösüşine täsirini ýetirip bilýändir. Şonuň üçin hem özbaşdak bejergi geçirmän, degişli lukmanlaryň maslahatyny almak, bozulmanyň düýp sebäbini aradan aýyrmaga ýardam berip biler.

Çaganyň dyrnagyny ösdürmekde, barmaklary owkalama peýdaly netijeleri berip bilýändir. Owkalama dyrnaklaryň gan aýlanşygyny güýçlendirip, olaryň ösüşini tijendirýär. Zeýtun ýagy, limon we deňiz duzy goşulan suwda 10-15 min. barmaklaryňyzy saklamak hem peýdaly bolup, soňundan elleriňizi kagyz süpürgije süpürimelidir we ellere hem-de dyrnaklara iýmitlendiriş kremini çalmalydyr.

Dyrnaklara E witamininiň suwuk erginini ýa-da ýody çalma hem olaryň ösüşini çaltlandyryp bilýändir.

Çaganyň dyrnaklarynyň ösüşini, çaga kreminiň ýarty çaý çemçesi mukdaryna gyzyl burç goşup taýynlanan ýapgy hem tijendirip biler. Bu garynda 20 damja suw goşup biraz gyzdyrmalydyr. Taýýarlanan ýapgyny dyrnaklara hepdede 2-3 gezek çalmak maslahat berilýär.

Maslahat berlen çäreleri geçirmezden öň, dyrnaklaryň ösmezliginiň anyk sebäbini anyklamak üçin dermatolog lukmanyna we çaga lukmanyna ýüz tutmak ýerlikli bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 2879 gezek okalan