Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ROAKKUTAN DERMANY BARADA MAGLUMAT

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 2.80 (5 Ses)

Hormatly okyjy!

Roakkutan A witamininiň emeli alnan görnüşi bolup, onuň alawlama garşy täsirli, dikeldiji, deriniň ýaglylygyny peseldiji häsiýetleri tapawutlandyrylýandyr. Deride döräp, adaty bejergi çärelerine durnukly bolan iriňli gyzyl we gara düwürtikleriň bejergisi üçin bu dermany ulanma görkezme bolup durýandyr.

Dermanyň gerdejikleri nahar wagty kabul edilip, onuň bir gije-gündizde kabul edilmeli umumy mukdary (bedeniň her kg. ölçegine 0,5 mg. mukdarda) bir ýa-da birnäçe gezege bölünip bilinýändir. Tapgyrlaýyn ulanylýan mukdary 100-150 mg/kg-dan ýokary bolmaly däldir. Bejeriji täsiri 1-2 aýdan bildirse hem, keseliň doly gowşamagyny gazanmak üçin 4-5 aýyň zerur bolmagy mümkindir. Dermanyň bejeriji mukdaryny oňa bolan täsirliligi we ýaramaz täsirlerini göz öňüne tutup, dine lukman belläp hem üýtgedip biler.

Dermanyň ýaramaz täsirlerine gijeme, ýagtylyga bolan ýokary düýgurlylyk, örgün, eliň we dabanyň derisiniň soýulmagy, gözüň awuşamagy, agyz boşlugynyň nemli örtüginiň guramagy, kellagyrylar, ýürek bulanma ýaly alamatlar degişli edilýändir. Düwünçegiň köpsanly doga kemçiliklerine getirip bilme töwekgelçiligini döredýänligi sebäpli, bu dermany göwreli aýallar kabul etmekden gaça durmalydyr.
Roakkutan dermany kabul edilende günüň aşagynda köp bolmakdan saklanmalydyr. Şeýle-de, bu dermany kabul edýän adamlara bejergi dowam edýän wagty we tamamlanandan 30 gün soň gan donorlary bolmakdan saklanmalydyr. Şeýle ganyň göwreli aýallara guýlup, düwünçegiň dogabitdi zeperlenmelere getirip biljekdigini ýatda saklamalydyr.

Tetrasiklin hatarynyň antibiotikleri we kortikosteroid serişdeler bu dermanyň täsirini peseldip bilerler. A witaminini saklaýan başga serişdeler (retinol, tretinoin.adapalen) bilen bu dermany bile ulanmak bolsa, bu witaminiň bedende mukdarynyň ýokarlanmagyna getirip biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3189 gezek okalan