Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝANYKDAN SOŇ ÝARANYŇ BITMEGI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.17 (6 Ses)

Hormatly okyjy!

Ýanykdan soň, ýanan deriniň ýerine täze deri gatlagynyň emele gelmegi belli bir wagt araçägini talap edýändir. Arassa bitip barýan ýarada dikeldiji hadysalary tizleşdirmek üçin "Pantenol", "Apollo", "Kwotlan" ýaly melhemleri ulanmak maslahat berilýär. Bu melhemler esasy täsirinden başga-da, ýanan ýerde gödek tyg yzlarynyň emele gelmeginiň öňüni alýandyr. Deriniň dikelme häsiýetini güýçlendirmek maksady bilen soňky ýyllar lazer şöhleleriniň pes tolkunlary hem üstünlikli ulanylýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3366 gezek okalan