Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

DERINIŇ GÖGEREN ÝERLERINIŇ BEJERGISI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.67 (6 Ses)

Hormatly okyjy!

Teniň bir zada urulmagy bilen şikeslenen gan damarlaryndan ganyň akyp bir çäkli ýere ýygnanmagy netijesinde gögermeler döräp bilýändir. Elbetde, agyryly oňaýsyzlykdan başga-da, tendäki gögermeler wagtlaýyn häsiýetli kosmetiki kemçilik hem bolup durýandyr. Olaryň emele gelmezligine we çalt aýrylyp gitmegine täsir edip biljek birnäçe usullary maslahat berip bileris:

► Şikeslenen gan we limfa damarlarynyň gysylmagyny üpjün etmek üçin 30 min. dowamynda buz goýuň. Buz bolmadyk ýagdaýynda, sowadyjyda bar bolan içi suwuklykly çüýşäni, polietilena dolanan sowuk eti goýup ýa-da sowuk gatygy, gaýmagy çalyp bilersiňiz. Sowuk zady goýan ýeriňizden her 3-5 min. galdyryp durmagyňyz, dokumalaryň sowuk almagyndan halas eder.

► Eger sowuk zatlar gögermeleriň emele gelmeginiň öňüni almaga kömek berýän bolsa, ýylatma eýýäm emele gelen gan ýygnanmalaryň çalt aýrylyp gitmegine ýardam berýär. Bu maksat bilen haltajyga salnan duzy ýyladyp goýma, ýyly ýapgylary ulanma ýaly çäreler peýdaly bolup biler.

► Bodýaga – arassa suwly howdanlarda bolýan özen, tendäki gökleriň emele gelmeginiň öňüni alýan iň netijeli serişde bolup durýandyr. Gury bodýaganyň tozuny suw bilen garyşdyryp (1 çemçe suwa 2 çemçe bodýaga), emele gelen hamyra meňzeş garyndyny şikeslenen ýere goýmaly. Bu garyndynyň diňe täze emele gelen gögermeler üçin peýdalydygyny ýatda saklamalydyr.

► Ýod – gögermeleriň üstüne ýoduň 5%-li ergininden "torjagazlary" çekmek hem peýdalydyr.

► Indowazin – 3%-li indometasinden we 2%-li trokserutindan ybarat serişde, agyrsyzlandyryjy, çişginliligi aýryjy we şikeslenen ýerlerde gan aýlanşygy kadalaşdyryjy häsiýetleri bilen bellidir.

► Troksewazin (serişdäniň başga ady Trokserutin) – az wagtda çişginliligi, agyryny, gögermäni aýyrýan gel görnüşli serişdedir.

► Kalendula otunyň erginini ýapgy görnüşde ulanma hem peýdalydyr.

► Aloe – kesilen aloe ösümliginiň ýapraklaryny gögermeleriň üstüne ýapyp goýmak hem peýdaly netijeleri berýär.

► Gara turp – onuň gyrgyçdan geçirilen lötüni günde birnäçe gezek şikeslenen ýere ýapyp goýuň.

► Ananas – gögermeleriň aýrylyp gitmegine ýardam berýän fermentleri saklaýarlar.

► Ýer almasy – onuň bölejiginiň ýapylmagy, düzümindäki krahmalyň täsir etmegi esasynda gögermeleriň emele gelmeginiň öňüni alýar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 2594 gezek okalan