Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

MAŇYZLAR DÜWÜRTIGE SEBÄP BOLÝARMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

Hormatly Myhman!

Pissedir maňyz öz düzüminde doýgun däl ýaglaryň 71-86%-ni, witaminleri, aminoturşulyklary saklap, diýseň ýokumly iýmit hasaplanýar.

Derisi ýagly, düwürtikli adamlara maňyzlary iýmekden hemişe saklanmaly diýen düzgün ýok. Peýdaly taraplary köp bolan bu önümlerdäki belok käbir adamlarda allergiki täsirliligi döredip, deride örgünleriň, düwürtikleriň, gijilemeleriň ýüze çykmagyna getirip biler.

Şonuň ýaly-da, olary käbir iýmit-siňdiriş ulgamynyň kesellerinde (meselem, pankreatit) kabul etmek maslahat berilmeýär. Deriniň ýagdaýynyň bolsa bu ulgamyň işine baglydygy bellidir.

Agzalanlardan başga ýagdaýlarda maňyzlary kadaly mukdarda kabul etmäge garşy görkezmeler bellenilmeýär.

Hormat bilen, Lukman.

  • 3340 gezek okalan