Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BELOK ÝETMEZÇILIGINDE NÄHILI KYNÇYLYKLAR DÖRÄP BILÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (16 Ses)

 

BELOKLAR – BEDENI   GURUJY   MATERIALLAR

Beloklaryň ýaşaýşyň özenini düzýän gurujy serişde bolup durýandygy biziň hemmämize mekdep okuw derslerinden  mälimdir.                                                                                                                             

Beloklar beden öýjüklerini, dokumalary, beden agzalary gurmaga we alyş-çalyş ýagdaýlary amala aşyrýan fermentleriň,  köp gormonlaryň işläp çykmagyna, gemoglobiniň emele gelmegine gatnaşýan wajyp biologiki serişdelerdir.                                                                                                                          

Ondan başga-da, beloklar bedeniň kesellere bolan durnuklylygyny amala aşyrmaga kömek edýän we ýaglaryň, uglewodlaryň, mineral maddalaryň, witaminleriň özleşmegine kömek berýän biohimiki özgermeleri amala aşyrýan birleşmeleriň düzümine girýändir.

Beden ýaşaýşy beloklaryň üznüksiz emele gelme we harçlanma ahwalatlaryna juda bagly bolup, bu deňagramlylygy saklamak üçin iýmitlenme arkaly belok ýitgileri dikeltmek zerurdyr.

Beloklar ýaglardan we uglewodlardan tapawutlylykda başga iýmit maddalaryndan emele gelip, bedende toplanýan däldir we iýmitiň öwezini dolup bolmajak bir möhüm bölegi bolup durýandyr.

Kuwwatlylyk çeşmesi höküminde bolsa olar, terine, uglewodlar we ýaglar bilen deňeşdirlende pes bolup, bedende 1 gr belok okislenmesi netijesinde bary-ýogy 4 kkal kuwwatlylyk bölünip çykýandyr.

Uly adamlarda beloklara bolan zerurlyk bedeniň kadaly agramynyň her 1 kilogramyna 1 gr belok gatnaşygynda ölçelýändir.

Bir günde beloga ortaça 100-120 gramma çenli bolan zerurlyk, agyr ýokanç kesellerden soňky dikeldiş döwründe, hirurgiki operasiýasyndan ýa-da şikeslenmelerden soň, ýanyklarda, süňk döwüklerden soň, iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerinden soň, öýkeniň sowuklama kesellerinde, inçekeselde, gan ýitirilmelerinden soň, howply täze döremeleri, kortikosteroid we anabolik gormonlary kabul edýänlerde, sportuň käbir görnüşleri (göreş, bodibilding) bilen meşgullanýan türgenlerde döräp biler. Belogyň köp mukdaryny saklaýan berhizlerde onuň umumy mukdary 120-130 gramdan ýokary bolmaly däldir.

Beloklary saklaýan önümlere we iýmitlenmäniň görnüşine baha berlende, onuň hiline, ýagny biologiki gymmatlylygyna hem aýratyn üns bermelidir. Bu hasiýet onuň aminoturşulykly (aminokislota) düzümine we iýmit siňdiriş ulgamynda özleşdirilme ukybyna baglydyr.

Iýmit önümlerindäki belok iýmit siňdiriş ulgamynyň fermentleriniň täsiri bilen düzüm böleklere – aminoturşylyklara bölünip, ol ýerden olar gan ulgamyna düşüp, bedeniň gurluşyna sarp edilýändir.

Beloklaryň ornuny düzýän 20 sany aminoturşylygyň 8 sanysy ýerini tutup bolmajak düzüm beloklary bolup, olar bedende emele gelýän däldir. Biz olary iýmitden kabul etmeli bolýarys. Ol aminoturşylyklara triptofan, leýsin, izoleýsin, walin, treonin, lizin, metionin, fenilalanin degişlidir.

Her aminoturşylyk özboluşly biologiki täsirliligi bilen tapawutlanýandyr. Meselem, metioniniň esasy täsiri bagyrda ýag çalşygyna täsir ädip, holiniň emele gelmegine gatnaşmakdan ybaratdyr. Şonuň üçin hem bagryň kesellerinde, aterosklerozda, semizlikde metionini ulanmak dogry hasaplanýar.

Iýmitiň belogynyň düzümindäki aminoturşylyklaryň doly toplumynyň bolmagy, onuň ýeňil özleşdirilmegine mümkinçilik döredýär. Düzüminde bir aminoturşylygyň  ýetmezçiligi hem, bedeniň gurluşy üçin täze belogyň emele gelme hiline öz täsirini ýetirip bilýändir.

Ýokary biologiki gymmatlygy bolan beloklar öz aminoturşylyk düzüminiň dolulygy, bedende ýeňil özleşmegi bilen tapawutlanýar. Şonuň ýaly beloklara ýumurtganyň, süýt önümleriniň hem-de birleşdiriji dokumanyň azlygy bilen tapawutlanýan et bilen balygyň belogy degişlidir.

Ösümlikde saklanýan belok, haýwan beloklary bilen deňeşdirlende düzümindäki aminoturşylyk toplumynyň doly däldigi bilen tapawutlanýandyr. Şonuň üçin hem olary ýokary gymmatlykly beloklara degişli edip bolmaýar. Meselem, lisin aminoturşylygynyň düzüminde bolmazlygy, çöregiň belogynyň biologiki gymmatlygyny peseldýändir. Greçkadan başga dänelileriň köpüsi lisina we treonina garypdyrlar.

Ondan başga-da, ösümlik önümleriniň belogy köplenç haýal özleşýär. Olar kletçatkadan ybarat gabykda bolup, iýmit siňdiriş fermentleriň täsirine ýokary durnuklylygy bilen tapawutlanýarlar.

Olar ýaly ösümliklere dürli maňyzlar, bütin dänelilerden taýynlanan şüleler, kömelek, kösükliler maşgalasynyň hemme görnüşleri (noýba, nohut we başgalar) degişlidir.

Içegede maldan önýän önümleriň beloklarynyň düzüminiň 90% -i özleşse, ösümlik beloklarynyň 60-80%-i  özleşýändir.

Süýt önümleriniň we balygyň belogy çalt özleşdirilmegi bilen tapawutlanýan bolsa, ondan soň eti (doňuz we goýun eti bilen deňeşdirlende, sygyr eti), çöregi we däneli önümleri (unuň ýokary sortlaryndan taýynlanan ak çörek we mannaýa krupa) çalt özleşýän önümler höküminde belläp bolar.

Balykda birleşdiriji dokumanyň azlygy sebäpli, et bilen deňeşdirlende ol has ýeňil siňdirilýändir.

Önümleri gaýnatma olardaky belogyň düzümindäki käbir aminoturşylyklaryň ýitirilmegine getirse hem, beden tarapdan olaryň doly özleşdirilmegini ýeňilleşdirýär. Şonuň ýaly-da, önümleri sürtgüçden geçirip ownatma, has hem ösümlik belogynyň çalt we ýeňil özleşmegine ýardam berýär.

Beloklaryň aminoturşylyk düzüminiň doly toplumyny kabul edip, bedeniň beloklara bolan talabyny ýerine ýetirmek üçin, iýmitimizde düzüminde mal we ösümlik beloklaryny saklaýan önümleri utgaşdyryp, meselem, süýtli aş ýa-da dorogdan ýasalan oladyi we çörek, et, balyk bilen hamyrly önümler, et bilen ýer almasyny ýa-da gök önümleri kabul etmek maslahat berilýär.

Bedendäki belok ýetmezçiligi belogyň emele gelme we dargama ýagdaýlarynyň deňagramlylygy bozulyp, ol köp mukdarda sarp edilende ýüze çykyp bilýändir. Iýmitde belogyň az mukdarynyň saklanmagy ýa-da doly biologiki gymmatlylygy bolmadyk beloklaryň kabul edilmegi bu ýagdaýyň döremegine getirip biler.

Iýmitde belok ýetmezçiligine peýdaly iýmitlenmäniň düzgünleri bozulanda, nädogry düzülen berhiz  ýa-da bedeniň dürli keselleri hem getirip biler. Belogyň özleşmegi iýmit siňdiriş ulgamyň kesellerinde, has hem içege kesellerinde kynlaşyp biler.

Belogyň köp sarplanmagy inçekeseliň işjeň tapgyrynda, agyr şikeslenmelerden we operasiýalardan soň, howply döremelerde, gan ýitirilmelerde, böwrek kesellerinde duş gelýändir.  

Belok ýetmezçiligi iýmit siňdiriş ulgamynyň, endokrin, gan emele geliş ulgamlarynyň işini kynlaşdyrýandyr, myşsalaryň gowşamagyna getirýändir. Bu ýagdaý başga iýmit maddalarynyň özleşmegini kynlaşdyryp, witamin ýetmezçiliginiň ýüze çykmagyna hem getirip biler. Ýokançlyklara garşy bedeniň durnuklylygyny, işjeňligini peseldip, kesellerden sagalma, şonuň ýaly-da şikeslenmelerden we operasiýalardan soň ýaralaryň bitmegini kynlaşdyrýandyr.

Ýöne iýmit arkaly beloklaryň köp kabul edilmegi hem iýmit siňdiriş ulgamynyň işinde bökdençlik döredip, onuň dargama önümleriniň böwrege we bagryň işine ýaramaz täsir edip bilýändir.

Şonuň ýaly-da, belogyň köp kabul edilmegi içegede çüýrediji bakteriýalaryň köpelmegine, bedende azot çalşygynyň önümleriniň toplanmagyna getirip biler. Şonuň üçin hem belogyň köp mukdaryny saklaýan iýmiti kabul etmek ateroskleroz keselinden ejir çekýänlere bolýan däldir.

Mal belogynyň (et, balyk) aşa köp kabul edilmegi bedende peşew turşulygynyň mukdarynyň köpelmegine we bogunlaryň keselleriniň, böwregiň daş keseliniň döreme töwekgelçiligini ýokarlandyryp bilýändir. Edil şol sebäpden hem, ýiti nefritde, böwregiň we bagryň ýetmezçiliginde, podagra keselinde beloklary çäklendirýän ýörite berhizler näsaglara bellenilýändir.

Beloklaryň sport bilen meşgullanýan türgenler üçin ulanyş aýratynlyklarynyň üstünde hem aýratyn durup geçesimiz gelýär.

Türgenler üçin gerek bolan bedeniň myşsa agramlylygyny artdyrmak belokly içgileri kabul etmek arkaly gazanylyp bilner.

Belok içgileriniň bir gezeklik kabul edilmeli böleginde 40-dan 70 grama çenli belok saklanyp, onuň bir günki kabul edilmeli mukdary 40-50 grama deňdir.

Belok içgilerini türgenleşiklerden soň kabul etmek maslahat berlip, agşamlyk nahardan soň, günüň soňunda olary içmek bolýan däldir.

Belok içgileriniň taýýarlanyş usullarynyň birnäçe görnüşleri bilen tanyşdyrasymyz gelýär:

1. Miksere  0,5 litr süýt guýup, onuň kiçi aýlawyny goýberiň we 50 gr süýt belogynyň goýaldylan görnüşini (ýa-da gury süýt) goşuň. Olary bulap 100 gr dorogy goşuň. Garyndy birmeňzeş goýulyga eýe bolansoň, oňa bir ýumurtga we hoşboý ysly gowy görýän miwe şiresiniň (sirop) 1 nahar çemçesini goşuň. Ondan soň mikseri ýokary aýlama ýagdaýyna geçirip, az-azdan süýt goşuň.


Topimanbur

Bu belokly içginiň umumy mukdary 800 grama barabar bolup, ony iki bölege bölüp kabul etmek maslahat berilýär (ertirlik bilen günortanlyk hem-de agşamlyk bilen günortanlyk naharyň aralygy). Bu içgi kabul edýän iýmitiňize her gün goşmaça 60-70 gr ýokary gymmatlykly belogy berip bilýändir.

2. Mikseriň kömegi bilen belokly gury garyndynyň (aýratyn satylýar) 2 nahar çemçesini, bir stakan miwe şiresini ýa-da süýdi, 2 sany almany ýa-da ýer tudanasyny gowy edip garyşdyryp, içgi ýasamaly.

3. Bir stakana 1 nahar çemçe baly, çig ýumurtgany, 1 nahar çemçe owradylan hozuň maňyzlaryny garyşdyryp, stakan gowy dolýança ony gatyk bilen doldurmaly.

4. Topinamburyň 2 sanysyny sürtgüçden geçirip, ýarym stakan alma şiresini, 1 çemçe owradylan maňzy we 1 nahar çemçe piwo drožžini goşup, mikserden geçirmeli.

Myşsalaryňyzyň kuwwatlylygyny ýokarlandyrmak üçin öz bedeniňiziň agramyna, ýaşyňyza, meşgullanýan sportuňyzyň görnüşine görä belokly içgileriň mukdary barada  maslahatlary öz tälimçiňizden ýa-da Size gözegçilik edýän sport lukmanyndan alsaňyz dogry bolar.

Hormat bilen, Lukman.

  • 7035 gezek okalan