Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ALKOGOLYŇ PEÝDALY MÖÇBERI BARMY?
Hormatly okyjy!
Arakiçgisi dümew keselinde, üsgürme alamatlarynda (burç bilen garylan arak) peýdalydyr. Ujypsyz mukdarda kellagyrydan dynmaga kömek edýär (köp mukdarda bolsa kellagyrynyň sebäbi bolýar) hem-de iýmit siňdiriş ýagdaýlara gowy täsir edýär.
Aragyň 25-30 gr mukdary ganda holesteriniň mukdaryny azaltmaga ukyplydyr. Bu maglumatlar lukmançylykda subut edilen bolsa hem, durmuşda olary dogry ulanmak juda kyn bolup, bu ýagdaý adamynyň alkogol içgileri çäklendirme ukybyna baglydyr. Arak gaty çalt alkogol garaşlylygyny döredip, arakhorluk keseliniň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler. Ýüregiň infarkty, beýnä gan inme, bagryň sirroz keseli, nerw ulgamynyň bozulmalary arakhor adamlaryň ölümine getirýän sebäplerdir.
Spirtli içgileriň bejeriş häsiýeti diňe içmeýän ýa-da az içýän adamlara peýda berip biler. Alymlaryň geçiren barlaglary, her gün az-azdan kabul edenden, alkogol içgileri biraz köp mukdarda, ýöne seýrek içilmeginiň ýerliklidigini görkezdi.
Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ekspertleriniň ylmy işler esasynda kesgitlemesine görä, alkogolyň kadaly mukdary diýip, bir hepdäniň dowamynda ýokary hilli çakyryň 0,5-0,7 litr mukdarynyň kabul edilmegi göz öňüne tutulýandyr.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 3918 gezek okalan