Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GUŞ (TOWUK) ETI WE BERHIZ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (1 Ses)

Hormatly okyjy!

Dogrudan hem, guş etini öndürýän hojalyklaryň guş (esasan hem towuk) etiniň önümçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen gormonlary (esasan hem anaboliki gormonlary) ulanýandyklary barada maglumatlar bar. Ondan başga-da, guş etini öndürýän hojalyklarda ösüşi çaltlandyrýan antibiotik serişdeleri hem ulanylýar. Bu serişdeler guşuň alyş-çalyş ýagdaýlaryny gowulandyryp, iýmitiň ýeňil özleşmegine kömek berse, öndürijiler üçin idetmegiň möhletini gysgaltmaga we çykdaýjylary azaltmaga ýardam berýär. Öldürilen towuga ýa-da onuň aýry-aýry böleklerine, bişirlende ýumşak bolar ýaly öndürijiler duzly erginleri, düzümindäki suwy saklar ýaly bolsa fosfatlary, krahmaly, soýa ununy, süýt proteinini goýberýärler.

Guş etini bazara çykarýan ýerli öndürijileriň guşlary ösdüriş tehnologiýasy barada anyk maglumatyň bolmanlygy üçin, belli we önümi sertifikatlaşdyrylan öndürijileriň öndürýän etini satyn almaga çalşyň. Berhiz üçin bolsa, öý şertlerinde elin ösdürilip ýetişdirilen guşuň etinden peýdalanmalydyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3106 gezek okalan