Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
DEŇIZ TÜWÜSI
Hormatly okyjy!
Deňiz tüwüsi – daşky görnüşi boýunça tüwüni ýadyňa salýan, bakteriýalaryň işjeňligi netijesinde işläp çykarylýan nem görnüşindäki biologiki maddadyr. Deňiz tüwüsi gantdan organiki turşulyklary, dürli witaminleri hem-de fermentleri işläp çykarmaga ukyply biologiki organizmdir.
Şeýle-de onuň spirtli nastoýkasynda sirketurşylykly bakteriýalar, witamin C, D, polisaharidler, ýagly we şepbeşikli maddalar, alkaloidler, glukozidler saklanýandyr. Düzümine girýän elementleriň häsiýetine baglylykda, deňiz tüwüsini aşakdaky täsirleri tapawutlandyrylýar:
► ýadawlylygy aýyrýar;
► immuniteti berkidýär;
► ganyň düzümindäki gandy peseldýär;
► aşgazanyň turşulygyny kadalaşdyrýar;
► gan basyşy peseldýär;
► aterosklerotiki başmajyklaryň emele gelmeginiň öňüni alýar;
► nerw ulgamyny berkidýär;
► jynsy ukyplylygy ýokarlandyrýar;
► buşukdyryjy häsiýete eýedir;
► bogunlardaky duzlary "eredýär".
Deňiz tüwüsinden peýdaly içgini 1 litr agyz suwuna 4 nahar çemçe deňiz tüwüni hem-de 2 nahar çemçe gant goşmak arkaly taýynlaýarlar. Günde 300 ml-den az bolmadyk mukdarda kabul etmek maslahat berilýär. Islegiňiz boýunça oňa kişmiş ýa-da başga guradylan miweler goşup bilersiňiz. Halk arasynda deňiz tüwüsi dürli keselleri bejermekde ulanylýar. Resmileşdirilen amaly lukmançylykda bu içginiň häsiýetleriniň doly öwrenilmändigi sebäpli, ulanmazdan öň lukman bilen maslahatlaşmak ýerlikli bolar.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 3866 gezek okalan