Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
GÖK ÇAÝYŇ PEÝDASY KÄNMI ÝA-DA GARA ÇAÝYŇ?
Hormatly okyjy!
Gök we gara çaý bir çaý agajyndan alnyp, olar öz işleniş usuly bilen tapawutlanýarlar. Gara çaý uzak işlenme usulyny (fermentasiýa usuly) geçip, has doýgun reňkli we ýiti hoşboý ysa eýe bolsa-da, öz köpsanly peýdaly häsiýetlerini ýitirýändir. Çaýlaryň iki görnüşi hem ýokançlyklary ýok ediji häsiýete eýedir. Olaryň düzümindäki tanin bolsa damarlaryň berkleşmegine ýardam berse, teofillin gan damarlary giňeldip, gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýandyr. Gök we gara çaýda diş syrçasyny berkleşdirýän ftor saklanýandyr.
Gök çaý, gara çaýa garanyňda bedeni zäherlerden gowy arassalaýar, öý tehniki enjamlardan çykýan şöhleleriň täsirini peseldýär. Bu häsiýetler çaýy howply täze döremeleriň öňüni alyjy serişde hökmünde ulanmaga esas döredýär. Gök çaýda saklanýan horadrenalin ýag çalşygyny kadalaşdyrmaga hem-de horlanmaga kömek edýär.
Soňky geçirilen barlaglaryň görkezişi ýaly, gara çaýda saklanýan polisaharidler gandaky süýjüniň derejesini kadalaşdyrmaga kömek edip, süýji keselli adamlar üçin peýdaly bolup biler.
Düzüminde saklanýan maddalara baglylykda çaýy köp içmäge garşy hem görkezmeler bolup biler. Onda saklanýan kofein ýokary gan basyşly we aterosklerozly adamlar üçin zyýanly bolup, bedenden magniý we kalsiý duzlarynyň ýuwulmagynyň hem sebäbi bolup biler.
Gök çaýda saklanýan polifenollaryň köp mukdarda ulanylanda bagyr üçin zyýanlydygy barada maglumatlar bar. Ýene bir gyzykly maglumat: gök we gara çaýda saklanýan teofillin bedeniň gyzgynyny ýokarlandyryp bilýändir. Şol sebäpli, bedeniň gyzgyny galanda köp çaý içmek ýagdaýyň has agyrlaşmagyna getirip biler.
Lukmanlaryň bellemegine görä, çaýyň peýdaly häsiýetleriniň ýitirilmezligi üçin süýjüli önümleri kabul etmän, onuň özüni içmek peýdalydyr. Çaýyň häsiýeti barada doly maglumaty almak üçin saýtymyzda ýerleşdiriler "Gök çaý" atly makala bilen tanşyp bilersiňiz.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 5480 gezek okalan