Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ETI KÖP IÝMEKLIK ZYÝANLYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (7 Ses)

Hormatly okyjy!

Etiň peýdasy we zyýany baradaky çekeleşikler hemişe üns merkezinde bolsa-da, biziň köpümiz ony dürli görnüşlerde iýmegi gowy görýäris. Et beloklaryň we witaminleriň, aminoturşulyklaryň, ýaglaryň, mineral hem-de ekstraktiw maddalaryň çeşmesi bolup, gan azlylyk ýagdaýynda ol peýdaly önüm hasaplanýar. Et bize uglewodlar ýaly kuwwatlylyk bermese-de, süýümli önümler ýaly sagdyn iýmit siňdirişi üpjün etmese-de, ol öz tagamlylygy bilen özüne çekýär.

Etiň bedende özleşmegi üçin köp güýjüň gerek bolýandygyny bellemelidir. Ondan başga-da, aşa ýagly etiň gan damarlarynda ýygnanyp ateroskleroz keseline getirip biljekdigini ýatdan çykarmaly däldir. Etde saklanýan purinly esaslaryň köp mukdarynyň  peşew turşulygynyň emele gelmegine sebäp bolup, bedendäki alyş-çalyş ýagdaýlaryň bozulmagyna hem-de bogumlaryň zeperlenmelerine (artrit, artrozlar) getirip biljekdigini bellemelidir.

Etiň hiliniň hem saglyk üçin ähmiýetiniň barlygyny bellemelidir. Mal öldürilmezinden öň ägirt uly stress ýagdaýyny başdan geçirip, şonuň esasynda onuň  ganyna peýdaly maddalary weýran ediji zäherler bölünip çykyp bilýändir. Şonuň üçin gassaphanalaryň işini dogry ýola goýmak hem-de  arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, kesel mallaryň etini satuw üçin niýetlemezlik wajypdyr.

Häzirki  wagtda  et öndürijiler harydyň görnüşini gowulandyrmak üçin oňa nitratlary we nitritlary goşýarlar. Dükanlarda alyja hödürlenýän şeýle et we et önümleri (şöhlatlar, büzmeçeler)  saglygyň dürli bozulmalaryna getirip biler.

Lukmanlar et iýmegi halaýan adamlara ony başga önümler bilen utgaşdyryp, hepdede 3-4 gezek iýmekligi maslahat berýärler. Elin bakyp öldürilen malyň etini iýmäge çalşyp, eti buglap, gaýnadyp  iýmek saglyk üçin peýdalydyr. Etiň ýanyndan ter otlaryň, gök  önümleriň iýilmeginiň peýdalydygyny unutmaň. Olar etiň ýeňil özleşmegini üpjün edýärler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4045 gezek okalan