Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

PIWO?...

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.89 (9 Ses)

► Piwo kaliý mineralyna baý bolup, ol natriý mineralyny az saklaýandyr. Şonuň üçin ony nahar duzuny çäklendirmeli bolýan näsaglara hem-de ýokary gan basyşly adamlara içmek gadagan edilmeýär.

► Piwo kaliý, fosfor,magniý, demir, mis, sink minerallaryna, foliý turşulygyna, witamin B1, B2, C witaminlerine baý içgidir.

► Piwo içgisindäki limon turşulygy bedende peşew emele gelmäni tijendirip, böwreklerde daşyň emele gelmeginiň öňüni alýandyr.

► Piwodaky fenol birleşmeleri- onuň has gymmatly düzüm bölegidir. Olar ýag çalşygyny kadalaşdyryp, hem-de gan lagtalanmalarynyň emele gelşiniň öňüni alyp, bize beýnä gan inme, ýöregiň infarkt keselinden goranmaga kömek edýändir.

► Içgidäki kömürturşy gazy aşgazan şiresiniň emele gelmeginiň hem-de böwregiň, bagryň, myşsalaryň gan aýlanşygyny tijendirýär. Şonuň ýaly-da, ol bizi bu içgini birden içmekden saklap, serhoş bolmak ýagdaýyndan goraýar.

Ýöne bu içginiň ýaramaz  taraplarynyň  üstünde hem  durup geçmelidir:

► Piwo içgisi ýürege agram salyp, onuň dartgynly işlemegine getirýär. Netije-de ol ulalyp, "piwoly ýüregiň" döremegine getirýär.

► Piwo köp kabul edilende, bedende erkeklik gormonynyň emele gelmegini basyp ýatyrýan maddalar işläp çykarylyp, olar aýal gormonlarynyň köpelmegine getirýär. Ondan başga-da, piwoda saklanýan huşly gunça (hmel) ösümligi  hem aýal estrogenleriniň köp işläp çykmagyna itergi berip bilýändir. Estrogenleriň agdyklyk etmegi bolsa erkek adamda çanaklygyň, süýt mäzleriniň ulalmagyna getirip biler.

► Piwo işdäňi açyp, iýmitiň köp kabul edilmegine getirýär. Bu içginiň muşdaklarynyň aglabasy artykmaç agramlylykdan ejir çekýändirler.

► Piwo içgisiniň köşeşdiriji häsiýeti adamyň oňa çalt öwrenişmegine getirip biler. Biraz wagtdan soň adam bir bulgur  piwosyz dynç alyp hem bilmeýär.

Ýazylanlary okap. "Piwo içgisini içmelimi ýa-da ýok?" diýen soragy bermegiňiz mümkindir. Belli bir çäkliligi saklap, bu içgiden lezzet alyp bolar. Piwoda saklanýan etil spirtiniň derejesine baglylykda, onuň ortaça kabul edilmeli bir gündäki mukdary 0,5 litre deňdir. 12% alkogol saklaýan piwo içgisiniň kabul edilmeli mukdary ondan hem az bolmalydyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4830 gezek okalan